TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans öndürýän zawod gurlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürmek boýunça zawody gurmak hakynda taýýarlanylan Kararyň taslamasy barada hasabat berildi. Ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, daşky eltiji ulag-kommunikasiýalaryny çekmek hem-de inžener-tehniki ulgamlary gurmak işlerini hem öz içine alýan täze kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakyndaky degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen bina ediler.

Bu taslamany durmuşa geçirmegi “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýetine ynanmak göz öňünde tutulýar. Zawod meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylar. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge deň bolar. Desganyň gurluşygyny 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Bu barada hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 300 000 inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 000 sany sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany daşarky eltiji demir we awtomobil ýollaryny, elektrik, aragatnaşyk, gaz we suw üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we zawody 2024-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 

17-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Teswirle