JEMGYÝET

Täze athana toplumy gurlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň başlygy A.Berdiýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedewi saklamaga niýetlenen athananyň taslamalaryny we onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan täze toplumyň çäginde dolandyryş binasy, weterinar desgasy, iki sany awtoduralga, höwür atlary üçin niýetlenen 60 atlyk athanalaryň ikisi, şeýle hem 80 baş ene mallara niýetlenen athanalaryň 6-sy, 8 sany bassyrma, iým üçin niýetlenen ýapyk ammar we iki sany açyk ammar, şeýle hem tehniki desgalar göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ozal gurlan we bu gün netijeli iş alyp barýan toplumlar ýaly täze athananyň hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Onda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, olary çapyşyklara taýýarlamak hem-de seýisleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilmelidir.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy täze athanany gurmak boýunça degişli bäsleşigiň yglan edilendigi, onuň jemleri boýunça birleşigiň agzasy we atçylyk toplumlaryna degişli binalary gurmakda oňyn tejribe toplan “Nur Bina» gurluşyk kärhanasynyň ýeňiji bolandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, täze athananyň binalar toplumyny gurmak barada degişli Kararyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Täze athananyň gurluşygynda atçylyk pudagyny ösdürmek, bedewleri seýislemek, höwür atlar, taýlar üçin zerur şertleri döretmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir.

Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu düzümlerde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk atlaryny taýýarlamak hem-de olary at çapyşyklaryna gatnaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurluşygy alnyp barylýan atçylyk toplumy 500 at saklamak üçin niýetlenendir.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi

 

Ýene-de okaň

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa – Ýewropanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Donald Trampyň janyna howp salynmagyny ýazgardy

Ýewropanyň finaly: Angliýamy, Ispaniýa çempion bolar?