JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy.

Hormatly Prezidentimiz Saglyk ýolundan geçýän mahalynda, künjegiň gözelliklerini, dag etekleriniň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň beden taýýarlygy, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin şertleri döretmek meselelerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Munuň özi halkymyzyň saglygynyň berkidilmeginde, ýokanç keselleriň öňüniň alynmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Milli Liderimiz Saglyk ýoluny geçmegini dowam edip, hemişe bolşy ýaly, köp kilometrlik aralygy pyýada geçdi.

Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýoluny geçip, ýokary netijeli sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini wagyz etmek hem-de ösdürmek, oňa ilat köpçüligini, aýratyn hem ýaşlary giňden çekmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäherini uzak möhletleýin esasda ösdürmek meýilleşdirilýär. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan, sanly ulgamdan netijeli peýdalanmak, şäherde abadanlaşdyrmak boýunça innowasion maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek, ýokary derejeli amatlyklary we estetiki gurşawy döretmek şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarydyr diýip, milli Liderimiz belleýär.

3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem Bitarap döwletimiziň başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Şol başlangyçlar parahatçylyga, dostlukly we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamlara boş wagtyny peýdaly geçirmäge ýardam berýär. Beden maşklary adamyň ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsir edýär, pikirlenmek ukybyny güýçlendirýär, kämil şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam berýär. Bedenterbiýe maksada ýetmek ugrunda tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi terbiýeleýär.

 

Daşkentde türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi

Ýene-de okaň

BMG-niň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine hat iberdi

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Ata Watan Eserleri

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris