TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Taýfunlardan elektrik öndüriler

Taýfunlar (Ýuwaş okeanyň günbatar böleginde bolýan güýçli tupan, harasat) howa hadysasy Ýaponiýada möwsümleýin bolýar. Ilkinji taýfun gözleg merkezi döredildi. Häzir bolsa,  taýfunlardan peýdalanyp, gaýtadan dikeldilýän energiýa öndürmek göz öňünde tutulýar.

“Kýodo” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Tokionyň günorta-gündogaryndaky Kanagawa şäherindäki Ýokohama milli uniwersitetinde döredilen Taýfun ylym we tehnologiýa gözleg merkezi döwlet we hususy edaralaryň hünärmenlerini we alymlaryny birleşdirer.

Ýaponiýada ilkinji bolup öz işine başlaýn bu merkez taýfunlaryň ýetirip biljek zyýanyny bahalandyrmagy we görüljek çäreleriň çägini kesgitlemegi maksat edinýär.

Bu merkezde taýfunlarda gaýtadan dikeldilýän energiýa önümçiligi babatda hem ylmy işler alnyp barlar.

Bu gurama köp uniwersitetleriň akademikleri, Meteorologiýa gözleg instituty we hökümet tarapyndan goldanýan RIKEN gözleg merkezi we “Kawasaki Heavy Industries” we “Deloitte Tohmatsu” kompaniýasynyö hünärmenleri girýär.

 

Röwşen Amanow: Aýdyma baglanan ömrüm

Ýene-de okaň

“Ga­laxy S23” smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy

Ata Watan Eserleri

“Facebook” ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi

“Apple” şereketiniň önümlerindäki i harpynyň manysy

Teswirle