DÜNÝÄ

Tatarystanyň Prezidenti bir günlük sapar bilen Türkmenistana geldi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bir günlük sapar bilen Türkmenistana geldi. Belent mertebeli myhman Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Wolžsk Bulgariýanyň yslamy kabul etmeginiň 1100 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem myhman Türkmenistanyň Prezidentini mart aýynyň başynda geçirilen prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi bilen gutlady.

Şeýle hem duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

– Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 77,5 million dollara deň boldy. Bu haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin köp sanly mümkinçilikler bar. Hususan-da, nebit gözlegleri, nebit önümçiligi, tebigy gazyň daşalmagy, awtomobil, awiasiýa, gämi gurluşygy, himiýa önümleri ýerlemek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň giň mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek bolar – diýip, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti öz gezeginde Russiýanyň ykdysady we senagat taýdan ösen sebiti bolan Tatarystan bilen däp bolan gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Şeýle hem Prezidentler Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralarda gurnalan sergi bilen tanyşdylar.

Şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellenilýär. Türkmen-rus gatnaşyklarynyň çäklerinde Tatarystan bilen iňjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Şu günki günde Aşgabatda Tatarystanyň öňdebaryjy kompaniýalary – “Tatneft”, “Kamaz”, “KER-holding” iş alyp barýar. Türkmenistan bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, 2 müňe golaý “Kamaz” ulaglary Türkmenistan iberildi. “Tatanetf” kompaniýasy “Türkmennebit” döwlet konserni bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Kazanyň dikuçar zawody Türkmenistana gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin “ANSAT” kysymly dikuçarlaryny iberdi. Şeýle hem Gorkiý adyndaky Zelendolsk zawody iki sany ýokary tizlikli ýolagçy gämi bilen üpjün etdi.

Rustam Minnihanow Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň mejlisine gatnaşdy

Italiýada Türkmenistanyň ylmy wekiliýetiniň gatnaşmagynda möhüm senelere bagyşlanan çäreler geçirildi

Türkmenistan wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly maslahata we sergä gatnaşdy

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygyndan möhüm bildiriş

Kiýewdäki Magtymguly adyndaky kitaphanada şygryýet we sazly çäre geçirildi

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçirildi