TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Rustam Minnihanow Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşdy

Şu gün — 24-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandy. Bu ýerde däp bolan baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi hem-de umumymilli baýramyň çäklerinde guralan bäsleşikleriň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy. Dabaralara ýurdumyzda saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Toplumyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary garşyladylar. Bu ýerde ahalteke bedewleriniň ajaýyp gözelligini beýan edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdi.

Soňra halk arasynda iň meşhur bäsleşikleriň biri — baýramçylyk at çapyşyklary başlandy. Dürli aralyklara guralan 7 çapyşygyň dowamynda ýyndam bedewler beden taýýarlygyny, çydamlylygyny görkezdiler. Olar ýaryşlarda «Polatly», «Meleguş», «Gelşikli», «Ýanardag», «Pereň», «Garader», şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny — «Akhan» baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Gyzykly hem-de çekeleşikli ýagdaýda iki sagada golaý dowam eden ýaryşlar tamamlanandan soň, ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Jemleýji çapyşygyň ýeňijisine bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy, «Akhan» baýragy, «Zemin» telewizory we pul sowgady gowşuryldy.

Şeýle hem bu ýerde baýramçylygyň çäklerinde geçirilen bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek we uzak aralyga atly ýöriş boýunça bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara «Tolkun» telewizory, pul sowgady, degişli diplomlar berildi.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimize Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň adyndan «Buýsançly bedew» atly ajaýyp haly sowgat berildi.

 

Messiniň çempionlyk goly: “PSŽ” – çempion

Ýene-de okaň

Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti hatyra çäresine gatnaşdy

Gyrgyz Respublikasy: Türkmenistana örän möhüm ykdysady hyzmatdaşymyz

Teswirle