27/11/2020 21:45
Home TARYH Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris.

Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary harby mejlisde beýik wezir Şyhab ed-Din Abu Seý’id ibn Imran al-Hywaky soltana hemme goşunlary (400 000) Syrderýanyň kenarynda jemläp, uzak ýoly söküp gelýän mongollaryň üstüne ýyldyrym bolup çozmaklygy teklip etdi. Bu örän paýhasly pikirdi. Emma soltan görnükli ulamany her näçe sylaýan hem bolsa, ret etdi. Şazada Jelaleddin bolsa mongollary Mawerannahra göýbermek, ýerli tebigy-geografiki ýagdaýlary peýdalanyp, kül-peýkun etmekligi maslahat berdi. Jelaleddin öz pikirini duşmany aňyrlygyna Horasana we Yraga göýbermezlik bilen esaslandyrdy.

Ýöne soltanyň göýberen strategiki ýalňyşlyklary ýurdy gutulgysyz heläkçilige alyp bardy. Bu bolsa türkmen halkynyň eýýämhaçan şol wagtlarda kämilleşen ykdysadyýetini, sosial ýagdaýyny, orta asyrlaryň ölçeglerine laýyk gelýän medeniýetini we sungatyny tas müň ýyl diýen ýaly yza tesdirdi.

XIII asyryň birinji çärýeginde Çingiz hanyň ordalarynyň Mawerannahra, Horezme, Horasana we Yraga ýörüşleri akademiki neşirlerde belli bir derejede beýan edildi. Mundan başga-da, çeper edebiýatda hem şöhlelendirildi. Şonuň üçin biz diňe awtoryň gahrymany bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary welin seljerip geçmekçi. Sebäbi döwrüň harby-syýasy ýagdaýyna göz ýetirmezden şahsyýetiň taryhy-edebi keşbini doly açmaklyk mümkin däl.

Şonuň üçin wakalara giňişleýin göz ýetirmäge çalyşalyň. Ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly Horezmde höküm sürýän ýokary gatlagyň içerki syýasaty düýbünden nädogrydy. Jelaleddin Meňburnuň hem töweregini adalatsyzlyk, ýalançylyk, şugulçylyk, hile-pirim bilen gurşap alýan giňişlikde dünýä inipdi, terbiýe alypdy. Ol durmuş sapagyny soltanyň köşgünde ýeterlik edinipdi. Biziň pikirimizçe ol asuda ýurt-da soltanlyk süren ýagdaýynda neberäniň ozaldan gelýän däplerini üýtgedip bilmezdi. Gadymy oguzlaryň “ýeri daglar saklaýar, däbi ärler” diýen pähiminden ugur alanyňda, Jelaleddin hem şol däplerden-zulum edijilik hökmürowanlykdan belli bir derejede çykyp bilmezdi. Gündogar soltanlarynyň köşgünde öz hususy islegiňe däl-de, töweregiňi gurşap alýan örän täsirli faworitleriň görkezmelerine görä höküm sürülýär. Bu müňýyllyklaryň tassyk edip gelýän tejribesi!

Orta asyryň senenamaçylarynyň teswirlerinde onuň aşa gazaply, ýöne güp ynanjaň bolandygy beýan edilýär. Türkmen taryhçysy Muhammet en-Nesewi şazadany: “Ol, danady, gaharlanmaýardy, käýinmek, sögünmek oňa ýatdy. Ol örän salyhatlydy, hiç-haçan gülmeýärdi, diňe ýylgyryp oňaýýardy. Köp gürlemeýärdi. Ol diýseň adalatlydy, ilaty söýýärdi, emma onuň zamanasy pis bolup, bulagaýlyklaryň, uruş-gowgaň örjelen zamany bolansoň onuň häsiýetine täsirini ýetirdi” diýip, taryplaýar.

Jelaleddiniň gazaplylyk, gyňyrlyk häsiýetleri hudaýyň nazar salan hökmürowanlaryna mahsus bolsa-da, bu ýerde başga bir delili hem ýatdan çykarmalyň. Bu häsiýet onda, öz kakasynyň-soltan Muhammediň gönüden-göni sebäp bolmagy zerarly öz ýurduny goldan gidermeginiň netijesinde döräpdi. Muny senenamaçy şeýle teswirleýär: “Ol raýatlarynyň durmuşyny ýeňilleşdirmegiň aladasy bilen ýaşaýardy, ýöne döwletiň, agyr soltanlygyň synýan pursaty bolanyndan soň güýje daýanyp zorluk etmäge-de mejbur bolupdy”.

Muňa garamazdan Jelaleddin öz asyrynyň ogly bolup galypdy. Ynanjaňlyk! Sadalyk! Bu häsiýetler dili ýasy türkmeniň ganynda millet hökmünde döräp, kemala gelip bar! XX asyrda meşhur şahyrymyz Gurbannazar Ezizow “sadalykdan zyýan çeken ýok”  diýip, ýazyp gidipdi. Dogry! Emma, gürrüň XIII asyryň gazaply hakykaty hakynda barýar. Bu ýerde sadalyk, ynanjaňlyk adama ilkinji ýagy (gynansak-da, asyrlar aşsa-da ýagdaý üýtgewsizligine galýar!) bolup durýar. Jelaleddin hem, entek başyna soltanlyk täjini geýmezinden has ozal bu häsiýetlerden ejir çekipdi.

Jelaleddin Meňburny Abbasylar halyfy an-Nasyr bilen arada duşmançylygyň bardygyna garamazdan öz namalaryny kakasy soltan Muhammediň zamanasyndaky ýaly ýazdyrýardy: “Onuň (halyfyň) diýen ediji hyzmatkäri Meňburny, soltan Sanjaryň ogly”. Jelaleddin Meňburnuň namalarynyň towkusy-alamaty: “medet diňe Alladandyr” diýen jümledi.

Soňlugy bilen oňa halyflyk serpaýlary ýapylyp, ara düşen tow birneme gowşandan soň ol halyfa namalarynda: “Onuň (halyfyň) sadyk guly diýip, ýüzlenip başlady. Hususan-da, Jelaleddin Meňburnynyň halyfa ýazan  namalarynda şeýle sözler ýazylýardy: “Aly jenabymyza we howandarmyza, dünýäleriň eýesi Pygamberiň oruntutary, müslimleriň ymamy Emirilmömüne, Maşrygyň we Magrybyň ymamy Lu aýn ibn Galybyň nebereleriniň beýikden-beýik gerşine…”.

Görşümiz ýaly Jelaleddin mömün musulmanlaryň hayfyny hemme derejeler bilen hormatlaýardy. Haçan-da, ol Hindistandan gelen uçurlary halyflyk resminamalarda Jelaleddine “Ulug hormatly aly jenap hakan (al-jenap ar-rafy al-Hakany)” diýip, ýüzlenilýärdi. Emma şol wagtlar ol soltanlyk täjini geýipdi. Şonuň üçin Jelaleddin özüne soltan hökmünde ýüzlenmegini isleýärdi. Muňa garamazdan Lu Aýyn ibn Galybyň nebereleriniň wekilleri-halyflar paýtagtyny, ýurdyny hem-de baýlygyny goldan gideren Jelaleddin Meňburnyny soltan hökmünde onuň ömrüniň ahyryna çenli ykrar etmändiler. Bu ýagdaýdan Jelaledin ruhy ejir çekipdi.

Şeýlelik bilen, soltan Muhammediň görnetin gowşak hereketleri esasynda şäherdir galalar bir monjuga düzülip mongollaryň goluna geçýär. 1220-nji ýylyň fewralynda Buhara, onuň yz ýany bilen Samarkant weýran edilýär. Şol iki aralykda soltan Muhammet täze goşun jemlemeklige perman berdi. Täze ýygyn derrew toplandy, emma Çingiz hanyň içalylary soltanyň ýurduny taşlap gaçandygy hakynda gürrüň ýaýrartdylar. Ýöne bu gürrüň hakykat bolup çykdy: soltan täze goşunyň gelerine garaşman-Günbatara-Nyşapura, Bistama we Mazenderana (häzirki Eýran Yslam Respublikasynyň territoriýasy) tarap gaçdy.  

Şum täleý soltany Hazar deňziniň Aşyr adasyna alyp geldi. Muhammet en-Nesewi muny: “Ol Türkan hatynyň tatarlara ýesir düşendigini eşidip, Jelaleddini we adadaky iki ogly Özleg şa bilen Ak şany ýanyna çagyrýar we şeý diýýär: “Hökümdarlyk owsarymyz ýolnup, döwletiň sütünleri synyp, ýurt çaýkanyp başlady. Duşmanyň matlap-maksady aýan boldy, onuň haram azysy ýurdyň etine, süňküne batdy. Meniň ornuma duşmanlardan ar alyp biljek adam oglum Jelaleddin. Men ony öz ornuma soltan belläp, ikiňiz hem hemme babat-da oňa boýun bolmagyňyzy talap edýärin. Şondan soň ol öz eli bilen Jelaleddiniň biline soltan gylyjyny dakýar…” diýip, ýazýar.

Jelaleddin Meňburny soltanlyk unwanyny alandan soň, kakasynyň-Muhammediň jesediniň galyndylaryny Abeskun adasyndan Ysfyhanda, onuň hatyrasyna gurlan kümmetde (Z.M.Buniýatowda mederse-B.A.) jaýlamaklyk üçin Ardahn galasyna getirmekligi emr etdi. Mürze Muhammet en-Nesewi bu hakynda soltanyň emiri Mukarrab ed-Dine nama taýarlanynda, soltanyň jesediniň galyndylarynyň geçirilmeginde howatyr edýändigini duýdurdy. Ol öz howalasyny mongollaryň meşhur şahsyýetleriň jesetlerini mazarlardan çykaryp otlaýandyklary bilen esaslandyrdy. Mongollar Ardahn galasyny ýumrup, soltan Muhammediň jesedini wagtlaýyn guburdan çykaryp, uzak Garaguruma- Ugedeý kagana (1186-1241 ýý.) ugratdylar. Ol bolsa maçy eşege ýüklenen jesedi şähere aýlamagy, soň bolsa otlamagy buýrdy. Soltan Muhammediň ömri pajygaly gutardy. Ol garahytaýlylaryň ýerlerine, Mawerannahra, Horasana, Ysfyhana, Horezme, Mazenderana, Mekrana, Kermana, Keşe, Gazna, Gura, Bamyýana, Yraga, Otrara, Azerbeýjana, Arrana, Sijistana, Parsa, Tabarystana we Gürgene eýeçilik edipdi. Onuň adyna hutba Derbendiň we Şirwanyň münberlerinde okalypdy.

Okap bilersiňiz  Amyderýa Hazynasynyň Syry

Türkan hatynyň ömrüniň soňky pursatlary hakynda durup geçmekçi. Aslynda Türkan hatyn Gürgenjiň goragyny üpjün edip biljekdi. Akademik Z.M.Buniýatowyň teswirlemegine görä Gürgenç mäkäm berkidilendi, ýaşaýjylary edermenlikde hem-de harby tälimlerde tapawutlanýardy. Gürgenjiň diwarlary 1204-nji ýylyň gur soltany Şyhab ed-Din el-Gurynyň dälibaş kürtleriniň öňünde durup bilipdi.

Emma ol düýpleýin ters hereket etdi. Muňa Çingiz hanyň ýörite ugradan wekili Danyşment hajyb (onuň bilen hatynyň adyna nama ugradylyp, onda “Jahan hudabendiniň” eýeçilik edýän ýerlerine degilmejekdigi wada berilýärdi) sebäp boldy. Ikinji sebäp bolsa, soltan Muhammediň Hazar deňzine gaçmagy boldy. Türkan hatyn soltanyň aýallaryny, çagalaryny, hazynany we beýleki gymmatlyklary kerwene mas ýükläp şäherden çykdy. Ýöne, bu, şahsyýeti düýpli seljerilmeli döwlet işgäri ýene bir örän ýalňyşlyk göýberdi. Gürgençden gitmek bilen, Türkan hatyn şäherde amanat saklanylýan 26 şazadany Amyderýanyň däli tolkunlaryna taşlamagy perman berdi.

Okap bilersiňiz  Öküziň we möjegiň sap altyndan guýma kellesi

Türkan hatyn mas ýüklenen kerwen bilen Mazenderanyň Ylal galasynda düşledi. Bu galany mongollar dört aýlap gabadylar. Ahyrsoňy ol mongol serkerdeleri Subudaý we Jebe noýona boýun boldy. Subudaý soltanyň ogullaryny jezalandyryldy.

Baş paýtagt Gürgençde bolsa wakalaryň birentegi bolup geçdi. Türkan hatynyň ýoklugyndan (ol gizlinlikde gaçyp gideninden soň şäher eden-etdilige galdy) peýdalanyp şäherde Aly Kuhy Dargan, müşrif Ymad ed-Din Şerep ed-Din Köpek ýaly hanlar ýüze çykyp ugrady. Olar şäher diwanyndan gelýän girdejini öz gollaryny alyp, göräýmäge tertip-düzgüni ýola goýan ýaly hem etdiler. Emma hakykat ýüzünde “it eýesini, pişik bikesini tanamadyk” döwür başlandy.

Ine, şeýle galagoply ýagdaýda paýtagta soltan Jelaleddin, onuň doganlary-şazadalar Ozlag şa we Ak şa geldiler.  Soltanyň hem-de şazadalaryň Gürgenje dolanmagy hakykat-da halky ruhlandyrdy. Şäheriň ilatynda duşmany ýeňip biljekdikleri hakynda ynam döredi. Jelaleddin şazadalaryň ugratmagynda Gürgenjiň mähellelerine, mesjitlerine, medreselerine, bazarlaryna aýlanyp çykdy: ilat bilen gürrüňdeş boldy, başyndan, maşgalasynyň adyndan duşmanlara garşy iň soňky damja ganyna çenli söweşjekdigine kasam etdi.

Emma merhum soltanyň emirleri, aýratyn-da ozalky mirasdar Ozlagyň tarapdarlary täze soltany duşmançylykly garşy aldylar. Olar Gürgenjiň ilatynyň (ulamalar, täjirler, senetkärler we başg.) garşylyk görkezmegine garamazdan olar Jelaleddini soltan hökmünde ykrar etmediler. Türkmenlere soňky çärýek asyr bäri duşmançylykly we öçli garan uran taýpasy Türkan hatynyň dogany Humar Tegini dabaraly ýagdaýda soltanlyga ykrar etdiler.

Hakyky dildüwşük guraldy. Humar Teginiň, Ogul hajybyň, Şyh hanyň, Är Buga Pälwanyň we Gutly hanyň baştutanlygynda 90 müň gowrak ýygyn toplanyldy. Täze soltana dildüwşük hakynda habar berildi. Ol egindeşi Demir Mäligi pitneçileriň üstüne wekil iberip ýurt gämisiniň gaýly gomlarda çaýkanýan pursatynda agzybir bolmaklyga, jebisligi saklamaklyga çagyrdy. Emma kemandan göýberilen peýkamyň yzyna gaýtmaýşy ýaly, pitneçiler pällerini ýamana düwüpdi. Soltana ýanynyň 300 atlysy hem-de wepaly Demir Mälik bilen Gürgenji taşlap gidäýmäkden başga çäresi galmady.

Soltan Muhammet tarapyndan kanuny taýdan mirasdar hem-de soltan yglan edilen Jelaleddin indi hiç-haçan öz paýtagtyna-Gürgenje gaýdyp barmaz. Öňde diňe ürgün çägeleri tolkunyp ýatan ummana çalymdaş Garagum, ondan aňyrda geçmişde “gatlaklarynda dogan aglan” Köpetdag-Horasan ýurdy ýaýylyp ýatyrdy. Jelaleddin Gürgençde bary-ýogy üç gün bolupdy, atasyndan miras galan köşkdäki tagtda oturmandy. Ol aslynda Gürgenje tagtda gaýşarylyp oturmaga gelmändi: ýurduň, halkyň, galyberse-de maşgalasynyň, Hazaryň adam aýagy basmaýan adasynda gözlerini guş çokalan atasynyň aryny almalydy. Egnindäki agyr ýüki aýyrmalydy. Biziň çuňňur ynanjymyza görä Jelaleddiniň hem ýurduň galagoply wagtynda haremhalarda keýp-sapa çekip ýaşamajakdygy gürrüňsiz. Ol Gürgenje gelen pursatyndan halkyň güzerany bilen tanşyp, bazarlarda kesgitli elýeter nyrhlary talap edip ugrady. Şäheriň ulamalaryndan, derwüşlerinden kakasy Muhammediň däl-de, ýuduň halkyň agzybirligi, jebisligi, başbütewligi üçin dileg etmekligi haýyş etdi. Hakykatda kezzap emirler dildüwşük gurap, pitne taýynlamadyk bolanlygynda, belki adamzat taryhy başgaça ugur bilen giderdi. Soltan mongollary yzyna serpikdirerdi. Iň bolmanda, olaryň Günbatara ýörişlerine kesgitli ýagdaýda böwet bolardy. Emma ykbal oňa gülüp bakmady. Ol göbek ganynyň daman topragyny taşlamaga mejbur boldy. Hut, şu pursatdan onuň geçmişiň gatlarynda galan “tagtsyz soltan” ömri başlandy.

Soňlugy bilen Gürgenji mongollaryň golaýlandygy hakyndaky habary alan şazadalar  Ozlag şa we Ak şa hem terk etdiler.

1221-nji ýylyň başynda soltan Jelaleddin Nusaý şäheriniň golaýynda ilkinji gezek mongollar bilen çaknyşdy. Dogry, olaryň sany kän däldi. Bary-ýogy 700 atlydy. Türkmenler bolsa 300 atlydan ybaratdy. Muňa garamazdan duşman toparyndan aman sypan birnäçe adam boldy. Asly şu şäherli Muhammet en-Nesewiniň teswirleýşi ýaly “musulman gyljy ilkinji ýola duşman ganyna hapalandy. Şol ýylyň fewralynda Jelaleddin Nyşapura gelip düşledi, şu ýerden mongollara garşylyk görkezmek maksady bilen çar ýana çaparlar gönderdi. Emma duşmanlar oňa ýygyn toplamaklyga päsgelçilik döretdiler. Ol mülk şäheri bolan Gazna ugrady. Gandagaryň golaýynda soltana kakasynyň doganoglany Emin el-Mülküň baştutanlygyndaky 10 müň türkmen atlysy goşuldy.

Balh obasynyň golaýynda mongollar bilen ikinji duşuşyk boldy. Soňkylar Gandagaryň gabawy bilen başagaý bolup, türkmen ýygnynyň öz hapa dabanlaryny basandyklaryny hem duýman galdylar. Ganly jeň üç gün dowam etdi. Diňe kowmaga, öldürmäge, zorluga, talamaga endik eden duşman türkmenleri äsgermezçilik bilen garşyladylar. Emma könelerimiziň “duşmanyň peşe bolsa-da, pilçe gör” pähimini ýatdan çykarmaly däl. Derbi-dagyn bolan duşman zut gaçdy. Muhammet en-Nesewiniň sözleri bilen aýtsak Çingiz han öz goşunlarynyň ýeňilendigini eşidip ony  “öz egindeşleriniň ýiti gyljyň eti we agsak bürgütleriň iýmiti bolandygy zerarly howsala gurşap aldy”.

Gazna gelip düşen soltanyň dergähine halaç toparynyň baştutany Seýf ed-Din Egrek (Egri), Balhyň häkimi Azym Mälik, owgan meýletinçileriniň serdary Muzaffar Mälik we garlyk türkmenleriniň Hasan serdary geldi. Bularyň hersiniň golastynda 30 müň ýygny bardy. Jelaleddin 60 müň, Emin el-Mülk 40 müň atly jemläpdi. Orta asyryň ýazuw çeşmeleriniň (Muhammet en-Nesewi, Ibn el-Asyr, Bar Ebreý, Reşid ed-Din, Jüzjany we başg.) biragyzdan tassyklamaklaryna görä soltanyň ygytyýarynda 150 müň ýygyn toplanypdy.

Okap bilersiňiz  Seýitjemaleddin ýadygärligindäki aždarhanyň keşbi

Gazna şäheriniň golaýyndaky Perwana etrabynda soltan Jelaleddin mongol serkerdesi Şiki Hutuku noýonyň 45 müňden ybarat goşuny bilen garpyşdy. Söweş iki gün dowam etdi. Senenamaçynyň tassyklaýşy ýaly “Soltanyň özi duşmanyň ýygnynyň dik ortasyna okdurylyp, onuň harby tertibini bozdy. Şiki Hutukuny masgara bolup gaçmaga mejbur etdi. Gazap atyna atlanan Jelaleddin boýun damarlaryny, eginlerini birikýän ýerinden çapyp taşlady”. Başgaça bolup bilermi? Duşmanlar kakasyna, doganlaryna, ilen-çalanlaryna, iň esasy-da halkyna hem-de döwletine hunaba baryny ýuwutdurdmadylarmy?!

Perwana söweşi türkmenleriň beýleki türki halklaryň wekilleri bilen bilelikde mongollaryň üstünden gazanylan hakyky hem-de uly  ýeňişi boldy. Jelaleddin hakykat ýüzünde mongollaryň ýeňip bolmaýan duşman däldigini subut etdi. Emma ýeňişiň salkyn şemaly uzak ösmedi. Soltanyň emirleriniň arasynda duşman oljasynyň üstünde dawwa turdy. Netijede, halaç, garlyk we owgan toparlary (olar aslynda hem olja üçin urşupdylar) soltanyň towwakgasyna garamazdan esasy goşuny terk etdiler. Bu ýerde Çingiz hanyň şugullary hem mazaly işlediler.

 Soňlugy bilen Çingiz han soltany terk eden toparlary (garlyk, halaç, owgan (sadozaý) toparlary aýratynlykda çym-pytrak etdi. Dogry, halaç türkmenleri az sanlydygyna garamazdan Demirgazyk Hindistana aralaşdylar hem-de Deli soltanlygynyň esasyny goýdular.

Şeýlelik bilen, Çingiz hanyň özi soltan bilen darkaş gurmagy müwessa bildi. 1221-nji ýylyň noýabr aýynda Jelaleddin Gardiz şäheriniň (Gaznadan 50 km. gündogarda) golaýynda mongollaryň ýazak (awangard) goşunyny derbi-dagyn edip Sind derýasyna tarap ugrady. Çingiz han lummurdap akyp ýatan derýanyň ýakasynda Jelaleddiniň az sanly ýygny bilen duşuşdy. Bu söweş hakykat-da, şeýle rehimsiz we gazaply boldy, beýleki ýeňişler onuň ýanynda çaga oýunjagy bolup göründi. Çingiz han soltany diri tutmagy buýrdy. Mongollar onuň daşyna halka bolup, ýuwaşlyk bilen gysyp ugradylar. Soltanyň emirleriniň hemmesi diýen ýaly wepat boldy.

Okap bilersiňiz  Lowren “Zenitde”

1221-nji ýylyň 25-nji noýabrnda, söweşiň üçülenji gününde Jelaleddiniň 700 atlysy galdy. Ol birnäçe ýerinden ýaralandy. Ahyrsoňy çykalganyň ýokdugyna göz ýetirip, ejesi Aýjäjegi, aýallary we çagalaryny derýa oklamagy buýrdy. Öz permany amal edilenden soň söweş geýimlerini ýeňlenmezden atyny güwläp akýan derýanyň sowuk suwuna urdy. Çingiz han söweşi belent depeden synlap durşuna ogullarynyň islegine garamazdan ýaralanan soltany kowalamagy gadagan etdi. Mongol hany gomlaryň arasynda ýüzýän we gitdigiçe daşlaşýan soltany sag goly bilen görkezip: “Diňe atasynyň şeýle ogly bolmalydyr. Eger-de, ol şeýle söweşden we girdapdan halasgär kenara aman sypyp bilen bolsa, ondan yzyüzülmesiz garşylyk hem-de pitneler garaşýar” diýip, ogullaryna düşnüksiz bolan guwanjyny daşyna çykardy.

Şu pursat-da, Çingiz han Jelaleddiniň öz ogly bolmagyny isledi. Hut şonuň üçin ol ýaraly ýurduny, namysyny goraýan ýaş ýigidi kowalamagy gadagan etdi: “Jeňde ýesir alyp bilmedik bolsaň, ýaraly duşmany, goý ol soltan, goý daýhan bolsun kowalamak mongol däbine girmeýär”. Bu onuň sözleri! Türkmenlerde hem “gaçany kowujy bolma” diýýärler ahyryn. Ol entek hiç-kim tarapyndan sylanmaýan, Temujin adyny göterip ýören wagty nijeme gezek soltanyň gününe düşüpdi. Ajal bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Indi, ol Çingiz han-Deňiz han! Ýöne ýaşlykdan zehini köýdüren ýesirligi, pukaralygy elmydama pederleriniň pähimini, ýörelgesini berk tutmaga mejbur edipdi. Ýöne…Ol Jelaleddiniň Sind derýasyndan ýüzüp geçip, goluna kakasynyň almaz hanjaryny alyp silkelänini gördi. Bu näme bolup biler! Elbet-de, gowy hereket däl. Çingiz han töweregini gallap duran ogullaryna garady. Olar bolsa ýüzlerini pişme ýaly gyzardyp aşak bakdylar. Jagataý han bolsa ahmyrly hyrçyny dişledi. Biziň wagtymyza çenli soltanyň bu geň hereketini orta asyr çeşmeleri, soňlugy bilen alymlar, aýratyn-da ýazyjylar teswirläp geldiler. Şonuň üçin olary gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Diňe Jelaleddiniň bu hereketi halkymyza-türkmenlere mahsusdygyny welin belläliň.

Sind derýasynyň sag kenaryna soltanyň özünden başga-da emirler Gulbars Bahadyryň, Kabhuhyň we Säd ed-Din Alynyň baştutanlygynda  4000 golaý esgeri aşyp bildi. Çingiz han olary tutmaga Törebeg Dokçynyň we Bala noýonyň 20 müň atlysyny iberdi. Emma mongollar tomsuň jokrama yssysyna çydaman Multandan yzyna dolandylar. Soltan hakykat-da aman sypdy. Ol aç, surnugan az sanly esgerleri hem-de ýakynlary bilen Demirgazyk Hindistanda özüne duşman we öçli ilatyň arasyna düşdi.

Soltan Jelaleddin Meňburnuň ýurdy, halky, ar-namysy üçin uruşlaryň wagtlaýyn hem bolsa soňky nokadynyň goýlandygyna düşündi. Indi, öňde geçilmeli uzak menziller, sergezdançylyk, tükeniksiz ýörişler we söweşler ýatyr. Ol diňe uly, agzybir ýygyn toplap Çingiz han bilen täzeden jeňe girip biler. Dogrusyny aýtsaň ýat ýurtlaryň asmanynda onuň täze ömri, dünýäsi başlandy. Ene Toprak, ýakyn-ýatlar yzda galdy. Kakasy, Muhammet, ejesi Aýjäjek, doganlary Ozlag şa, Ak şa, Gursanjy, Gaýmahy we Ýahýa wepat boldy. Hansoltan, Şahatyn (Ýunus han) ýesirlikde. Töwereginde diňe Kyýaseddin galdy. Senenamaçylar Demir Mäligiň adyny Sind derýasyndan soň ýatlamaýarlar. Diýmek, ol hem soňky söweşde wepat bolandyr. Onuň deregine soltanyň ömrüniň ahyryna çenli ýowuz günde ýoldaş bolan Ur han, Gara Mälik, daýysy Udur han, Muhammet en-Nesewi we başgalaryň atlary tutulýar.

Biz ýazgymyzy jemlemezden ozal soltanyň Demirgazyk Hindistanyň, Ýakyn Gündogaryň şol wagtky rajalary, emirleri bilen eden söweşlerini ýatlamazlygy makul bildik. Aýratyn-da, Jelaleddiniň Kawkaza ýörüşi biziň çuňňur ynanjymyza görä örän anyk seljerilmeli hem-de dogry, ýüz görmezden baha berilmeli meselelerdir. Sebäbi munda halkyň taryhy, şonuň bilen birlikde milli duýgulary ýatyr. Ol milli duýgulara hususy bähbidiňi öňe tutup atanak çekmeklik nädogry bolar.

Akademik Z.M.Buniýatow ýörüte  monografiýasynda orta asyr arap-pars çeşmelerine esaslanyp, Jelaleddiniň Kawkaza ýörişi bilen bagly wakalary ýoýman beýan edipdir, bolsa, onda ýazyjy welin eserine azda-kände öz şahsy duýgudaşlygyny we fantaziýasyny siňdiripdir. Bu başgaça bolup bilmez!

Okap bilersiňiz  Sazly arheologiýa : Müňýyllykdan Ýaňlanan Mukam

Jelaleddin Kawkazyň halklary bilen ylalaşyga gelmekçidi, umumy garşydaşa-mongollara garşy bilelikde söweşmekçidi. Eger-de, mümkün bolan ýagdaýynda dul şa zenany Rusudan (1194-1245 ýý.) bilen durmuş gurmakçydy. Ol Beýik Tamaryň we Dawut Soslanyň gyzy bolup, ýurduň iň agyr zamanynda dolandyrypdy. Olaryň ikisi-de asylly-şa maşgalasyndan gelip çykan. Ýaş tapawutlary hem uly däl. Aslynda Rusudan bilen goş birikdirmek meselesini soltanyň öňünde dana hem-de öňdengörüji Muhammet en-Nesewi gozgapdy.

Eýýamhaçan seljuk soltanlaryndan bäri hristian (şol sanda katolik-B.A.) dininiň wekilleri bilen gudaçylyk gatnaşyklary dowam edip gelýärdi. Jelaleddiniň meşhur gruzin serkerdeleri-emirsypahsalar Iwana Mhargredzeli, ogly Awag Mhargredzeli, Şalwa Ahalşiheli bilen geçiren gepleşikleri asla ýöne ýere däl. Emma gruzin köşgünde sagdyn paýhasly wezirler bilen bir hatarda, günlerini keýp-sapa bilen geçirýän begzadalar hem bardy. Olar bilen maňlaýlary daşa degýänçä ylalaşyga gelip bolmajakdy. Dogrusy Rusudan bu meselede aýgytly ädimi ätmändi. Eger-de, ylalaşylan halatynda duşmany diňe bir Ýakyn Gündogardan däl, eýsem Orta Aziýadan hem kowup çykaryp boljakdy. Mongollar Kawkaza aýak hem basmazdylar. Şol ýagdaýda taryhyň akymy başgaça giderdi!

Soltan Jelaleddin öz maksadyna ýetip bilmän geçmişiň gatlarynda galdy.  Jelaleddiniň soltanlygynyň tutuş 11 ýyly diýen ýaly üznüksiz, surnukdyrjy uruşlar bilen geçdi. Juçy hanyň aýaly Hansoltan öz dogany soltana şeýle mazmunly hama ýazdy: “Mongollar seni bihasap arzylaýarlar. Eger-de, hakykat-da hem näletsiňen duşmanlary ýeňip biljegiňe ynamyň bar bolsa, onda ahyryna çenli göreş. Ar gyljyňy poslatma. Eger-de, asgyn gelerin öýdýän bolsaň, onda olar Saňa Syrderýadan bärligine mülk çyzyp berjekler…”. Jelaleddin bu nama jogap bermedi. Ol näme diýsin! Kemandan göýberilen peýkam yzyna gaýtmaýar. Egniňden egri gyljyňy, boýnuňdan kepeniňi asyp Ugedeý kaganyň degähine barmaklygyň namartlykdygyna, ýurdy satmaklykdygyna, ol gowy düşünýär. Şonda Jelaleddin geljekki nesilleriň özüniň ýedi pyşdynda gargaljakdygy hakynda oýlanan bolmaly.

Bu ýerde geňläp oturasy iş ýok. Agyr, bulaşyk zamana doganlary bir-birine duşman edip goýupdy. Jelaleddiniň mongol ordasyna baryp boýun egmejekdigini Hansoltan hem, namany oňa ýazmagy maslahat berenler hem bilýärdi. Biziň pikirimizçe başybozuk örän hilegär türkmen soltanyny gapana düşürmegiň başga ýoly galmanyndan soň bu pirime ýüz urlupdy. Ugedeý kaganyň iki gorkusy bardy: birinjiden, Jelaleddin mongollardan öňürdip tutuş Kawkazy boýun egdirmegi mümkündi, ikinjiden, Rusudan şanyň birden ýeňiji soltan bilen ylalaşyga gelip, birleşen güýçleri eýýäm Töwrüze aýak basan mongollara garşy öwürmegi bolup biljek ýagdaýdy. Emma ýazgytdan gaçyp bolmaýar. Bu oňaýsyz kysmat öwrülişigi!

Soltan wepat bolup, onuň mazary Siriýanyň Amid şäheriniň golaýyndaky Maýafarkin obasynda galdy. Amidyň häkimi el-Mülk Müjep’per öz ýurdunda wepat bolan soltany musulmançylygyň hemme dessurlaryny ýerine ýetirip depin kyldy. Ol 1231-nji ýylyň 17-nji awgustynda  şehit bolupdy. Haçan-da, çaparlar atlaryny ýüzün salyp Hlat mäligi el-Aşrafa soltanyň ölümi hakyndaky “hoş habary” alyp gelenlerinde, ol gama batypdy. El-Aşraf ýeňilmezek soltanyň ganym duşmany bolmasa-da, Jelaleddiniň garşysyna söweşe çykypdy. Ol şonda şeýle diýipdi: “Siz meni soltanyň ölmi bilen mübärekleýärsiňizmi! Ol näletsiňen mongollaryň öňünde durup biljek ýeke-täk serkerdede-di. Bary gutardy. Indi mongollar hiç-bir tälkewsiz musulman ganyny topraga döker”. Edermenligi, agyzlylygy, baýlygy, sahylygy bilen yslam ymmatynda aşa saýylýan mäligiň soltana beren bahasynda, ony gürrüňsiz sylaýandygynyň alamaty bardy.

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bagtyýarlyk zamanamyzda türkmen halkynyň taryhyndaky meşhur şasyýetleri ebedileşdirmekde taýsyz tagallary alyp barýar. Müňýyllyklaryň mermer paýtagty Aşgabadymyzdaky Ylham alleýasyna seýile baranyňda kalbyň ajaýyp arzuwlara beslenýär. Biziň çuňňur ynanjymyza görä Jelaleddin Meňburny hem şeýle hormata mynasyp şahsyýet! Eger-de, onuň geçmişiň gatlaryndaky ededileşdirilen ady heýkele öwrülip, paýtagtymyzyň iň bir görnükli ýerinde oturdylsa türkmen halkynyň taryhynyň ýene-de bir ýola dabaralandygy bolardy. Eden işleri, gahrymançylyklary müňýyllyklaryň gatlarynda galan eždatlarymyz tirsigine galardy.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň Prezidenti Pälwan atly alabaý bilen gezelenç etdi

Soltan Jelaleddiniň mundan sekiz asyra golaý ýurduny azat etmeklik ugrundaky alyp baran hereketi soňlugy bilen nesilleri tarapyndan dowam etdirildi. Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenler halk hökmünde kemala geleninden soň öz erkine, ýerliksiz söweş etmezden beýleki bir halkyň öňünde ýöwsellemän geldi. Şol bir wagtyň özünde ymmatdaş halklary hem betbagt etmedi. Ara düşýän dürli bahanalara esaslanyp malyna hem-de baýlygyna göz gyzdyrmady. Üstüne geleni welin, mert durup, gylyç bilen garşylady.

XVIII-XIX asyrlarda türkmen jemagatynda bitaraplyk meýilleri ýüze çykdy. Muňa garamazdan gyljyny ýalňaçlap gelen ganym duşmany ýyly söz bilen garşy almadylar. Türkmen halky taryhynda bolup geçen dürli uruşlarda özlerini ýanbermez, duşmana ýeňsesini öwürmedik eždatlarymyzyň gaýduwsyzlygy, gaýratlylygy, edermenligi hat-da oňa duşman bolan halklaryň wekillerini haýrana goýdy. Türkmenler alnyp barylan söweşlerde we çaknyşyklarda dürli harby tärler bilen bir hatarda, özlerini dürsemek üçin Hydyr gören Garaguma çekilipdirler. Bu asyrlarda türkmen halkyna Keýmir serdar, Amandöş serdar, Myrat serdar, Aýym beg, Garaoglan han, Oraz serdar, Gowşut han, Täç Gök serdar, Nurberdi han, Amangeldi Gönibek, Orazmämmet han, Berdimyrat han, Öwezmyrat Dykma serdar ýaly gerçekler baştutanlyk edipdiler. Soltan Jelaleddiniň şahsyýeti onuň nesillerinden asyrlar aşyp daşlaşdygyça ol bize şonça-da ýakynlaşýar. Sebäbi ol halkyň hakydasynda öz halkyny goran, döşüni geren gerçek türkmen ýigidi bolup galdy.

Sözümizi jemlemek bilen, soltan Jelaleddin Meňburun Orta Aziýa halklarynyň taryhynda öz yzyny galdyryp gitdi. Munuň sebäbi gaýduwsyz türkmen soltany we serkerdesi Jelaleddin Meňburnuň mongol basybalyjylaryna garşy alyp baran söweşleri ilkinji nobatda goňşy halklaryň, galyberse-de tutuş sebitiň halklarynyň azatlygyna, parahat ýaşaýşyna bagyşlanandyr. Şonuň üçin biziň günlerimizde goňşy halklaryň hem birnäçesi türkmen gerçegini ýokary derejede sylap, köňül hoşallyklarynyň nyşany hökmünde özleriniň döwletlerinde onuň adyny ebedileşdirýärler, heýkelini dikeldýärler. Munuň özi elmydama parahat durmuş ugrunda göreşen Jelaleddin Türkmeniň şöhratly adynyň häzirki döwürde-de halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga oňyn täsirini ýetirýändigine şaýatlyk edýär.

 

Bäşim ANNAGURBANOW,

Arheolog

 

Saýtymyzya ýerleşdirilen Makalanyň birinji bölümini okamak üçin şu ýere basyň!

Saýtymyzya ýerleşdirilen Makalanyň ikinji bölümini okamak üçin şu ýere basyň!

Saýtymyzya ýerleşdirilen Makalanyň üçünji bölümini okamak üçin şu ýere basyň!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Turkmenistan- Home of Neutrality and Role of ECO CCI in Sustainable Development

In my congratulatory message to Turkmenistan President H.E. Gurbanguly Berdimuhamedov and people of Turkmenistan, It is gratifying that December 12 has been adopted by...

Halil Avcı : Daimi Tarafsızlık – dünyada barış ve kardeşliğin güvencesi

Kardeş ve dost ülke konumundaki Türkmenistan için 2020 yılı ayrı bir öneme sahiptir. 12 Aralık 1995'de Birleşmiş Milletler Genel Kurulunda 185 ülkenin oy birliği...

Tarafsızlık sayfamız faaliyete başlıyor

Türkmenistan Birlemiş Milletler özel kararıyla kazanılan Daimi Tarafsızlık statüsünün 25.yıldönümünü kutlamaktadır. "Türkmenistan-Tarafsızlık Ülkesi" yılında Türkmenistan’da bu önemli bayram dolayısıyla ülke ve dünya çapında birçok...

Bitaraplyk sahypamyz öz işine başlaýar

Şu günler Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny belleýär. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Diýarymyzyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistanly ýaş alym «Balsaýat» sazynyň dünýä gymmatlygyna öwrülip biljekdigine ynanýar

Türkmen milli konserwatoriýasynyň bäşinji ýyl talyby Perhat Hojanýazow öz ylmy gözleglerini «Balsaýat» halk sazynyň çuňluklaryna bagyşlady ― diýip, «Nesil» gazeti habar berýär. Ol bu...

“Kowid pasporty” ulanyşa girizilip bilner

Beýik Britaniýanyň hökümeti “Kowid pasportyny” ulanyşa girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada “The Sunday Times” neşiri habar berýär.  Bu resminamany koronawirusa garşy sanjym edilenlere bermek...

Koronawirusa garşy täsirli 5 sanjym

Ýer ýüzünde giňden ýaýran täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy göreş babatda köp işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem, dünýäniň öňdebaryjy farmasewtika kompaniýalary, lukmançylyk ylmy merkezleri...

Ýewropa futbolyna syn… Mourinýo Gwardiolany ýeňdi

Geçen hepde geçirilen öňdebaryjy futbol çempionatlaryň futbol duşuşyklary we olaryň netijeleri bilen ýurdumyzyň futbol janköýerlerini tanyşdyrmagy makul bildik. Angliýanyň Premýer ligasynda gyzykly duşuşyklaryň netijeleri: “Tottenhem 2:0...