30/10/2020 13:21
Home DURMUŞ Ýaşlyk Ýyllary: Jelaleddin Meňburny

Ýaşlyk Ýyllary: Jelaleddin Meňburny

Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyza dowam edýäris. Soltan Muhammet Ala ed-Din (1200-1220 dol.ýyl.) Anuşteginler neberesiniň wekili bolmak bilen, Abul Muzaffar Tekeşiň (1172-1200 dol.ýyl.) kiçi ogludyr. Biz soltanyň doglan ýylyny entege deňiç anyklap bilmeýäris. Anuşteginler neberesi  öz ugruny oguzlaryň begdili kabylasyndan (Ýyldyz hanyň üçünji ogly; häzirki gökleň toparynyň gönüden-göni aňyrsy) alyp gaýdýar. Bellenmeli delil, owşar, gyzyk we garkyn hem Ýyldyz hanyň nesilleridir.

Şonuň üçin Aýjäjek hatynyň ilkinji nobatda begdiliden, galyberse-de, galan üç garyndaş kabyladan gelip çykan bolmagy mümkündir.

Türkmenleriň, şol sanda beýleki ymmat halklaryň ozaldan gelýän däbine laýyklykda maşgala gurlanda (öýlenmek, ýa-da durmuşa çykmak) öz derejäňi saklamak zerurlugy hökmany tutulýar. Bu ilkinji nobatda, höküm sürýän şanesillerine mahsus bolupdyr. Ol, ýa-da beýleki bir şazada öz derejesine muwapyk maşgala bilen adagly edilipdir. Ol maşgala hökmany öz urugyňdan bolmalydyr. Şonuň üçin Aýjäjek hatyn ýokarda sanalan kabylalaryň haýsy hem bolsa birindin, biziň pikirimizçe begdiliden gelip çykan bolmaly. Onuň aňyrsy belli bir derejede anuşteginler neberesine galtaşýan urug bilen baglanyşyklydyr.

Türkan hatyn mongollaryň çozuşyndan ozal Horezmde oturymly ýaşan gaýy taýpasyna degişli kimaklardan gelip çykypdyr. Ýöne Türkan hatynyň ýaşan wagtyny anyk kesgitlemek kyn. Emma, onuň XII asyryň ikinji ýarymynda dogulandygyny we 1233-nji ýylda dünýeden ötendigini bellemek bolar. Türkmen senenamaçysy Muhammet en-Nesewiniň ýazyşy ýaly «ol  mertebesi göterilip başlanyndan soň  “Jahan hudabendi”- Jahanyň eýesi unwanyny alypdyr.

Türkan hatynyň ýemek kabylasy we oňa garyndaş toparlar ýurt-da höküm sürýän begdili kabylasy bilen ýakynlaşypdyr. Şunlukda soltanyň ýurdy we raýatlary köpelmek bilen bolýar. Bu bolsa, şanesli saýylýan begdilileriň, şol sanda Jelaleddiniň tarapdarlarynyň ýagdaýynyň gowşamagyna getirýär. Şu ýerde bellenmeli ýagdaý 1220-nji ýylda soltan Muhammede ilkinji gezek janyna kast etmekligi guran gypjaklaryň uran kabylasy bolupdy.

1210-njy ýylyň sentýabr aýynda (607-nji hijri ýyly, rabi) türkmenler garahytaýlylaryň üstünden ýeňiş gazanylýar. Bu ýeňiş bilen baglanşykly soltan Muhammediň başlangyjy bilen  “Isgender-Nuba” baýramçylygy girizilýär. Ýeňişlere beslenen soltan özüne “Isgender-i Sany” (“Ikinji Aleksandr Makedoniýaly”) lakamyny alýar. Ol özüne Zulkarneýniň nubasyny (dabaraly marş sazy) girizip, ony çalmaklygy ýesir düşen häkimlere we hanlara buýrýar. Bu nubany taýajyklary dürli gymmatbaha daşlar bilen bezelen 27 altyn litawrda (nagara) Gün doganda we ýaşanda dabaraly çalypdyrlar.

Bu özboluşly dabarany ýazyjy W.Ýan: “Biz beýik rumly Isgender Zulkarnaýnyň mertebesini göterdik. Indi bizde täze Isgender, edermen Muhammet, beýik Horezm döwletiniň…” diýip, çeperçilikli beýan edýär. Bu meselede ylmy, ýazuw we çeper çeşmeler çapraz gelmeýär. Hut şu ýeňişden soň soltan Muhammediň “daň ýyldyzy” doguldy. Soltan öz täsirini Horezmden uzaklara, Horasana, Yraga, Azerbeýjana ýaýradyp ugraýar. Muňa garamazdan ol  öz “öýünde”-Gürgenç köşgünde gowşak, nalajedeýin soltanlygyna galýar.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler

1212-nji ýylda soltan Muhammet Garahanylar döwletiniň (840-1212 ýý.) merkezi Samarkanda ýöriş edip, pitneçi körekeni, ýagny uly gyzy Hansoltanyň adamsy Osmany jezalandyrýar. Bellenmeli delil,Osman ibn Ybrahym 1206-njy ýylda garaşlylygy kabul edipdi. Soltanyň adyndan pul çykarypdy.

Emma garlyk türkmenleriniň (Garahanyň ogly Bilge Gül Kadyr Kagan) esaslandyran döwleti horezmşalar bilen oňşukda bolmandyr. Bu türkmen döwleti yslamýeti ilkinji bolup kabul edendir. Magrypda we Maşrykda ymmatlaryň halasgäri we arkadaýanjy saýylýan soltan Muhammet Osmana gyzy Hansoltany bermek bilen garyndaşlyk açypdyr. Emma, Osman, tersine pitne turuzdy, hakyky jezasyny hem aldy.

Okap bilersiňiz  Çempionlar ligasynyñ jogap duşuşyklarynyñ netijeleri

1215-nji ýyla çenli soltan Muhammediň hökümdarlygy diňe Horezme däl, eýsem, Mawerannahra (arapçadan:“Derýanyň aňyrsyndaky ýurt”, Amyderýa-Syrderýa aralygy-B.A.), Günorta Türkmenistanyň etraplaryna (Abywerd we Nusaý etraplary), Owganystana, Eýrana we Azerbeýjana ýaýraýar. Uzakdaky Omanda onuň adyna hutba okalypdyr. Şol ýyl ozaldan geýän däp-dessurdan çykylyp, Jelaleddiniň we Rukn ed-Din Gursanjynyň ýerine, soltanyň kiçi ogly Kutbeddin Ozlagy mirasdar hökmünde yglan edýärler. Mirasdar şazada “Soltan Abul Muzaffar Ozlag şa, soltan Sanjaryň ogly, ymmatlaryň Emiriniň kömekçisi” tugrasy berilýär.

Ozlag şazadanyň ejesi Türkan hatyn bilen bir kabyladan (aşyra) bolup, ol hem Aýjäjegi ýek görüpdir. Bu düşnükli! Soltanyň her bir kanuny-nikaly aýallary, eger-de köpsanly örän täsirli gyrnaklaryny hem hasaba alanyňda,olaryň hersi öz perzendini tagta geçirmegiň aladasyny edipdir. Sebäbi Gürgenç köşgüne hazirki adalgada aýdylyşy ýaly hemişelik “ýazylmaklyk” üçin başga ýol ýokdy. Ýöne bu çylşyrymly hem-de örän ynjykdan hileli meselede Türkan hatyndan ugurtapyjysy we mekiri bolmandyr.

Ýazyjy W.Ýan bu delili: “Biziň ulumsy agtymyz Jelaleddniň türkmenler bilen pyşyrdaşyp, biz gypjaklary çapyşdyrmaga taýynlanýanlygyna görä, horezm ýurduny dolandyrmaga Jelaleddiniň deregine ýeriň giňinde başga biri belleniläýse näderkä diýen mesele ugrunda oýlanyşyp görmek gerek” diýip, beýan edýär.

Jelaleddiniň mirsdarlykdan çetleşdirilmegi, ilkinji nobat-da, köşkde az sanly, eýýämhaçan täsirini gowşadyp ugran begdili toparyna urgy bolýar. Jelaleddini bolsa  “öýkeletmezlik” maksady bilen, soltan Muhammet Gazna welaýatyny (Günorta Owganystanda-B.A.) peşgeş berýär. Akdemik  Z.M.Buniýatow: “Haçan-da, soltan Ala ed-Din Muhammet öz ogly Jelaleddin Meňburna Gaznany, Bamyýany, Gury, Bistamy, Tekinabad (Tekeabad-B.A.), Zemindewary we Hindistan bilen serhetdeş obalary dolandyrmaklygy berende, oňa wezir hökmünde Şems el-Mülk Şyhab ed-Din Alp el-Harawy bellenildi” diýip, teswirleýär.

Okap bilersiňiz  Biometriki pasport almak üçin talap edilýän resminamalar

Emma, Jelaleddine Gaznada asuda dolandyrmak miýesser etmeýär. Soltan Muhammet şazadany bolup biläýjek dildüwşikleriň  “ruhlandyrjysy”, şol sanda guramaçasy hökmünde kabul edip, ony Gürgençde, soňlugy bilen Samarkantda golaýynda, öz emeldarlarynyň arasynda saklaýar. Onuň daş-töweregi şugullar bilen gurşalýar. Jelaleddiniň her ädimi gündelik soltana habar berilip durulýar. Soltan bilen şazadanyň gatnaşygy Muhammet Hazar deňziniň çola Abeskun (häzirki wagt-da ýitip giden-B.A.)  adasynda amanadyny tabşyrýança örän ýiti häsiýete eýe bolupdyr. Sebäbi soltanyň Jelaleddinden başga ýurdy iň kyn ýagdaýdan alyp çykyp biljek ogly ýokdy. Bardy! Emma, olar entek ýaşdylar. Haçan-da Rukn ed-Din Gursanjy mongollara ýesir düşende Tuly han ondan “dyz epip aman sorasa, boşatmagy hem-de hormatlamagy” söz berende, ýaşajyk şazada mert ölümi saýlapdyr. Rukn ed-Diniň şol wagt bary ýogy 12 ýaşy bardy.

Biziň pikirimizçe Horezmşalar döwletiniň ilkibaşdan düýbüniň gowşap ugramagy, soňlugy bilen bolsa mongollaryň ýörüşiniň netijesinde synmagynyň esasy sebäpleriniň biri soltan Muhammet bilen Jelaleddiniň oňşuksyz gatnaşyklary bolmaly. Soltan tekepbir, özdiýenli, ençeme ýeňişleri gazanan hem bolsa, ol mongol harasadynyň öňünde durup bilmedi. Olar bilen ilkinji çaknyşyklarda Muhammediň ruhy gutarnykly öçüp, ugruny ýitiripdi. Tersine, Jelaleddin mongollaryň ýeňilmezek duşman däldigini duýupdy. Bu duýguny ol kakasyna siňdirmäge çalşypdyr. Emma soltan Muhammet ozalky mirasdaryň her bir teklibini özüne garşy gurulýan hile hökmünde kabul edipdi.

Daşy berk “saklawly” şazada muňa garamazdan asla ruhdan düşmeýär. Gürgenjiň golaýyndaky Tyllaly bag (käbir çeşmelerde “Bagy-Hürrem” ) köşgünde sany kän bolmadyk esgerleriň harby taýarlyk işlerini alyp  barýar. Jelaleddin ilkinji nobatda esgerleriň fiziki we ruhy ýagdaýyna üns berýär, ýagny, olaryň iýmitlenşi, egin-eşikleriniň berk hem-de ýylylygy hakynda alada edýär. Şazada wezir Şyhab ed-Din Alp el-Harawa Gürgenjiň bazarlarynda satylýan gullardan satyn almagy, Garagumyň we Demirgazyk Horasanyň obalaryndan öz islegine görä (hakyna tutma-B.A.) esasan 18-45 ýaş aralygyndaky gulluk etjek ýigitleri toplamagy tabşyrýar. Ol gullara azatlyk berýär, harby tälimler alnyp barylanda dürli beden jezalaryny (ekzekusiýa) gadagan edýär.

Okap bilersiňiz  Bu hepde paýtagtymyzyň tomaşa jaýlarynda

Emma, soltan bilen uly ýer eýeleriniň arasyndaky gapma-garşylyk aradan doly aýrylmady hem-de döwletiň içinden gowşamagyna getirdi. Soltan Muhammet tarapyndan “merkezleşdirilmek reformasy” ozalky uly ýer eýeleri- Guruň soltanynyň, Mawerannahryň hanynyň, Horasanyň emiriniň, Ýazyryň hanynyň ýerlerini eýelän onuň öz garyndaşlary we emeldarlary tarapyndan garşylyga duçar boldy”.

Goşunda adaty sowuk ýaraglar-gylyç, naýza, serdesse, peýkam, şonuň ýaly-da dürli görnüşli galkan bardy. Emma, şazada wezirata-hökümete, hususan-da beýik wezir Nyzam el-Mülk Muhammet ibn Nyzam el-Mülk Bah ed-Din Mas’sud el-Harawa ozaldan hereket edýän, emma könelişen gala gabawynda ulanylýan manjanygyň (majanak, katapulta), matarisiň (“pyşdyl”), salalimiň (hüjüm basgançaklary), jamalukatyň (taran)we dabbabatyň (iki gatdan ybarat dört tigirli gabaw diňi) has kämilleşen taslamasyny işlemegi, goşunda çawuşlaryň (harby aňtaw Mukaddam çawuşiýe) we aňtaw toparlaryň (jasusiýa) sanyny köpeltmegi teklip edýär. Şonuň ýaly-da, goşunda ýene bir wajyp emel-ruhy ýolbaşçy-ýygyn kazysy (kaziý-i haşam wa laşkar-i hazrat; kadi al-asakir) hem bolupdyr.

Okap bilersiňiz  Ýatyrylan <> kompaniýa gymmada düşdi

Emma wezirat beýlede dursyn, hat-da döwletiň “Diwan al-ard” (Baş ştab) müdirligi, ne-de onuň ýolbaşçylary (sahyb diwan el-jaýş, ýa-da arid el-jaýş), şeýle-de goşun kazysy (kadi al-asakir) mirasdarlykdan çetleşdirilen şazadany diňlemek hem islemeýärler. Onsaňam hormatly “Nyzam el-Mülk” lakamyny göterýän wezir şazadany kabul edende, kürsüsinden hem turmaýar.

Jelaleddiniň döwlet goşunynda ilkinji reformalary geçirmäge synanyşyklary hem başa barmandy. Onuň ilkinji we esasy sebäbi, goşunyň baş serkerdesi soltan Muhammediň özi bolup, ol şazada tarapyndan girizilmek meýili bolan islendik täzeçiligi ret edipdir. Ikinji sebäbi, horezmlileriň ýeňişli  “gazabyndan” diňe Bagdat halyfy An-Nasyr (1180-1225 ýý.) eýmenmeýärdi. Sebitdäki ýurtlar boýun egdirilipdi. Olaryň emirleri, şol sanda çagalary Gürgenç köşgünde girew hökmünde saklanylýardy. Şonuň üçin soltana goşunyň kämilligi gaty bir hökman däldi.

Eýsem, türkmenleriň Horezmşalar döwletinde hemişelik goşun bolup, oňa soltan gwardiýasy, şäherleriň we galalaryň goragçy garnizony, döwlet emlägini  (köprüler, ýollar we düşlegler, serhet, gümrük, poçta we ş.m.) goraýan toparlar girýärdi. Döwürdeş senenamaçylaryň ýazmagyna görä ümmülmez territoriýany eýelän Horezmşalar döwletiniň ätiýaçda 500 müňden gowrak goşuny bolupdyr. 1211-1212-nji ýyllarda garahytaýlylar bilen bolan uruşda soltan Muhammet pyýada goşuny hasaba almanyňda 400 müň atly goşuny duşmana garşy goýup bilipdir.

XII asyryň ortalaryndan garaşsyzlyk ugrundaky göreşden, tä döwlet ýykylýança Horezmşalar döwletinde düzgün-nyzamly ýygyny bolupdyr. Bu döwletiň goşuny dürli ýaraglar bilen üpjün edilipdir, onuň serkerdeleri bolsa jeňlerde batyrlyk görkezipdiler. Goşunyň esasyny türkmen toparlary düzmek bilen, ol taýpa tapawutlyklary boýunça bölünýärdi.

XIII asyryň ilkinji onýyllyklarynda, döwletiň ýokary ösüşlere ýeten wagtynda goşuna beýleki ymmat-arap, pars, täjik toparlary kabul edilen hem bolsa, onuň özenini türkmen-oguz toparlary düzüpdir. Soltan Muhammediň dolandyran döwründe döwletiň goşunynyň sany ymgyr köpelip, senenamaçy as-Subkiniň sözleri bilen aýtsak  “nirede başlaýany we nirede gutarýany belli bolmadyk  gumdaşlary” ýadyňa salýardy.

Dowamy bar……

Bäşim ANNAGURBANOW,

Arheolog

Makalanyň birinji bölümini okamak üçin şu ýere basyň!

Okap bilersiňiz  “Google” kompaniýasynyň täze telefonlary

IŇ TÄZE HABARLAR

Iň owadan zenan Julia Robertsiň filmleri

Owadan ýylgyryşy bilen meşhurlyga eýe bolan Golliwudyň iň owadan zenanlaryndan biri Julia Roberts karýerasynyň dowamynda köp sanly filmde surata düşdii. 90-njy ýyllary Riçard Giriň...

Ertirlik üçin ýeralmaly peýnirli tagam

Mähriban okyjylar, men bu gezek size ertirlik üçin taýýarlanyşy aňsat we öýüňizde bar bolan zatlar bilen datly tagamyň taýýarlanylyşyny öwretmekçi. Munuň üçin gerekli önümler: 4...

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkiýede “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly surat sergisi geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasynda (TÜRKSOÝ) “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly surat sergisi geçirildi. TÜRKSOÝ edarasynyň resmi saýtynda berlişi ýaly,...

Raýan Reynoldsyň meşhur filmleri

Dört doganyň iň kiçisi hökmünde 1976-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Kanadanyň Wankuwer şäherinde doglan Raýan Reynolds karýerasyna 2004-nji ýylda “Blade Trinity” filmi bilen başlady. Soňky...

Umytly çagajygyň uly gürrüňi……

Türkmenistan rowaçlygyň watany ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan adyl içeri, dabaralanýan ynsanperwer syýasaty netijesinde “Döwlet adam üçindir” atly ýörelge bilen ýurdumyzyň abraýy...

Täsin ýüzük Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň Haýdarabatdaky “Chandubhai” göwher dükanynyň (Hallmark Jeweller bölümi) eýesi, şeýle hem ussat zergär Srikanth  Kotti 6 dürli gül gatlagyndan we 7,801 brilliantdan ybarat altyn...