TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

«Talyp gözeli» atly bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Paýtagtymyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara Zenanlarlar güni mynasybetli her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli» atly bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň gözel gyzlary hormat sekisinde jemlendi. «Talyp gözeli — 2022» adyna we bäsleşigiň baş baýragyna Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň birinji ýyl talyby Gülbäbek Mämmedowa mynasyp boldy.

Bäsleşigiň jemleri boýunça eminler toparynyň gelen netijesine görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Maýa Çaryýewa bolsa birinji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Merjen Annadurdyýewa bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Merjen Bekçerowa ikinji, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Jahan Ataşowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Zübeýda Mäterowa, şeýle-de Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Leýli Soltanowa dagy üçünji orunlara mynasyp bolmagy başardylar.

Bu ýyl ýeňijiler üçin alty sany — birinji ýer, iki sany ikinji ýer we üç sany üçünji baýrakly ýer göz öňünde tutulypdy. Şeýle hem, bäsleşikde duýgudaşlyk baýragy hökmünde goşmaça baýrakly ýerler döredildi.

Bäsleşige gatnaşanlar özlerini hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet hökmünde görkezmek bilen, görnükli medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat bolan emin agzalarynyň dykgatyna sazly sahna kompozisiýalaryny, aýdym-saz we tans çykyşlaryny hödürlemek bilen çykyş etdiler. Däp bolşy ýaly, bäsdeşler türkmeniň milli tagamy bolan aş kesip, unaş tagamyny bişirmek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň möhüm tapgyry el işlerine bagyşlandy, gyzlar milli nagyşlaryň dürli görnüşleri boýunça çeperligini we başarnyklaryny görkezip, bu synagyň hem hötdesinden geldiler.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere çäräni guranlaryň — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň we ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.

 

2022-nji ýylyň ilkinji 2 aýynyň makro görkezijileri

Ýene-de okaň

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny alan raýatlarymyz

Teswirle