TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMTALYP 2022

Talyp-2022:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Gämi sürüjilik.
2. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.
3. Gidromeliorasiýa.
4. Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary.
5. Iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi.
6. Kompýuter ulgamlarynda programmirlemek.
7. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
8. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
9. Maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony guramak.
10. Logistikada operasion işi.
11. Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak.
12. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.
13. Kebşirleýiş önümçiligi.

Der­ýa­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­den pes
bol­ma­dyk bin­ýat­da bi­li­mi bo­lan, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň        ne­ti­jele­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär. Oku­wyň möh­le­ti 2-2,5 ýyl.
Der­ýa­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp ba­ryl­ýar.

Resmi iş kagyzlary Türk­me­na­bat şä­herin­de 2022-nji ýy­lyň 11-nji iýu­ly — 13-nji awgus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (anke­ta);

— bi­li­mi ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nusga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan belle­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— okuw ders­le­ri bo­ýun­ça mek­dep okuwçy­la­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri,‚ halka­ra bäs­le­şik­le­re gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry
tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nusga­sy­ny tab­şyr­ýar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler, ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­malar bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we
nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— pas­por­ty­ny;

— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýa-da ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça
har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär bäs­le­şik­siz we (ýa-da) oku­wa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peýda­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mina­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler. Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp resmi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gapkär­çi­lik çek­ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry» agentli­gi­niň      Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki der­ýa­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de (Türk­me­na­bat
şäheri) 2022-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 16-17-si, 19-y we 20-si gün­le­rin­de ge­çi­ril­ýär.

Giriş synaglary aşak­da­ky okuw ders­le­ribo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:
hü­när: iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi — türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş, Türk­me­nis­tanyň ta­ry­hy;

hü­när: jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy — hi­mi­ýa, ma­te­ma­tika,         Türk­menis­ta­nyň ta­ry­hy;

hü­när­ler: ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; logistikada operasion işi — ma­te­ma­ti­ka, jem­gy­ýe­ti öwre­niş we Türk­me­nis­ta­nyň     ta­ry­hy;

hü­när­ler: maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony guramak; kompýuter ulgamlarynda programmirlemek — in­forma­ti­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy; beý­le­ki hü­när­ler — fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy.
Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw
mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär. Okuw ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let      di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä gelip      bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra
goý­be­ril­me­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da, bäsleşiksiz we talyplyga
kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bi­lim ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Kanu­ny­nyň       re­je­le­nen gör­nü­şin­de kes­git­le­nen düz­gün­le­re la­ýyk gel­ýän da­laş­gär­ler peýda­lan­ýar­lar.

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Lebap welaýaty,      Türkmenabat ş., Gurbansoltan eje köçesi, 21,tel.: 7-44-52, 3-63-63.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle