TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMTALYP 2022

Talyp-2022:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi  2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Logistikada operasion işi.
2. Kompýuter torlary.
3. Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak.
4. Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary.
5. Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat taýdan howpsuzlygy.
6. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.

Po­li­teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­den pes
bol­ma­dyk bin­ýat­da bi­li­mi bo­lan, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­jele­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär. Oku­wyň möh­le­ti 2,5 ýyl. Po­li­teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­binde okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp ba­ryl­ýar.

Resmi iş kagyzlary Aş­ga­bat şä­he­rinde we we­la­ýat mer­kez­le­rin­de 2022-nji ýylyň 11-nji iýu­ly — 13-nji aw­gus­ty ara­ly­gynda ka­bul edil­ýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— bi­li­mi ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­siniň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— okuw ders­le­ri bo­ýun­ça mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­jile­ri,‚hal­ka­ra  bäs­le­şik­le­re gat­na­şan Türkme­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry
şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler, ýo­kar­da gör­ke­zi­len resmi­na­ma­lar    bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry görkez­ýär­ler we     nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— pas­por­ty­ny;

— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýa-da ýazy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär bäs­le­şik­siz we (ýa-da) okuwa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.
Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jogap­kär­çi­lik çek­ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­giniň Po­li­teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­binde (Aş­ga­bat şäheri) we we­la­ýat mer­kez­lerin­de aşak­da­ky      möh­let­ler­de ge­çi­ril­ýär:

Da­şo­guz we­la­ýa­ty – aw­gust aýy­nyň 16-sy gü­ni;

Le­bap we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 18-i gü­ni;

Bal­kan we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 20-si gü­ni;

Ma­ry we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 22-si gü­ni;

Ahal we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 24-i gü­ni;

Aş­ga­bat şä­he­ri — aw­gust aýy­nyň 26-sy gü­ni.

Giriş synaglary äh­li hü­när­ler bo­ýun­ça fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy
ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär. Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär. Okuw ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä
ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri boýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky
sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýagda­ýyn­da, bäsleşiksiz we talyplyga kabul
edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bi­lim ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň reje­le­nen gör­nü­şin­de kes­git­le­nen düz­gün­le­re la­ýyk gel­ýän da­laş­gär­ler peý­da­lan­ýar­lar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Esgerler köçe, 68 jaý,                                         tel.: 34-58-00, 34-13-14, 34-19-55.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

 

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle