TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMTALYP 2022

Talyp-2022:Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň Ho­wa ulag­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­ni taý­ýar­la­ýan mek­de­bi

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň Ho­wa ulag­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­ni
taý­ýar­la­ýan mek­de­bi­ 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Ýan­gy­na gar­şy go­ra­gyň gu­ra­ly­şy we teh­ni­ka­sy.
2. Awia­si­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek.
3. Awia­si­ýa­da gat­na­wy gu­ra­ýyş.
4. Ho­wa men­zil­le­ri­niň ra­dio­teh­ni­ki en­jam­la­ry­nyň teh­ni­ki taý­dan ula­ny­ly­şy.
5. Ho­wa gä­mi­le­riniň awia­si­on we ra­dioe­lekron en­jam­la­ry­nyň teh­ni­ki taý­dan ulany­ly­şy.
6. Ho­wa gä­mi­le­ri­niň we awia­he­re­ke­te ge­ti­ri­ji­le­ri­niň teh­ni­ki taý­dan ula­ny­ly­şy.

Mekdebe saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkeziniň
talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 25- den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) we gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl. Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdepde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Dalaşgärleriň ýaşy 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11-nji iýuly

— 13-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusga boýunça mekdebiň başlygynyň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilim barada resminama (asyl nusga);

— «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edilmek Aşgabat şäherinde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 16-sy güni;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 18-i güni;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 20-si güni;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 22-si güni;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 24-i güni;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 26-sy güni.

Gi­riş sy­nag­la­ry ähli hünärler boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy
derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäs­le­şik­siz we ta­lyp­ly­ga ka­bul  edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň Ho­wa ulag­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­ni
taý­ýar­la­ýan mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., ae­ro­port, tel.: 23-34-21.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – Russiýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Teswirle