TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMTALYP 2022

Talyp-2022:Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Senagat we raýat jaý gurluşygy.
2. Gurluşyk materiallaryny we demirbeton konstruksiýalaryny öndürmegiň tehnologiýasy.
3. Amaly geodeziýa.
4. Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş.
5. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
6. Awtomobil ýollarynyň we aerodromlaryň gurluşygy we ulanylyşy.
7. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
8. Binagärlik.
9. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
10. Guýulary barlamagyň geofiziki usullary.
11. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.
12. Maglumaty işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary.
13. Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy.
14. Ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy.

Aş­ga­bat gur­lu­şyk or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­me­nis­ta­nyň umu­my
or­ta bi­lim­den pes bol­ma­dyk bin­ýat­da bi­li­mi bo­lan, ýa­şy 35-den geç­me­dik raýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri boýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär. Oku­wyň möh­le­ti 2,5 ýyl.
Aş­ga­bat gur­lu­şyk or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de okuw­lar tö­leg­li esas­da alnyp ba­ryl­ýar.

Resmi iş kagyzlary Aş­ga­bat şä­herin­de we we­la­ýat mer­kez­le­rin­de 2022nji ýy­lyň 11-nji iýu­ly — 13-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— bi­li­mi ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rinden, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny foto­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çesi­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— okuw ders­le­ri bo­ýun­ça mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýeňi­ji­le­ri‚ hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň agza­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar.
Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler, ýo­kar­da gör­ke­zi­len resmi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­lary ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry    gör­kez­ýär­ler we          nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— pas­por­ty­ny;

— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýa-da ýazy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ribo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär bäs­le­şik­siz we (ýa-da) okuwa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kukdan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler. Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi­niň Aş­ga­bat gur­luşyk or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de (Aşga­bat şäheri) we we­la­ýat mer­kez­le­rinde aşak­da­ky möh­let­ler­de ge­çi­ril­ýär:

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 16-sy gü­ni;

Le­bap we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 18-i gü­ni;

Bal­kan we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 20-si gü­ni;

Ma­ry we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 22-si gü­ni;

Ahal we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 24-i gü­ni;

Aş­ga­bat şä­he­ri — aw­gust aýy­nyň 26-sy gü­ni.

Giriş synaglary aşak­da­ky okuwders­le­ri bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:
hü­när: binagärlik — su­rat we gra­fika, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;
beý­le­ki hü­när­ler — fi­zi­ka, ma­te­ma­tika, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy.
Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw
mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär. Okuw ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­lary döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­lenen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re
gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dikler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bi­lim ha­kyn­da” Türk­me­nis­tanyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şin­de  kes­git­le­nen düz­gün­le­re la­ýyk gel­ýän da­laş­gär­ler peý­da­lan­ýar­lar.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýoly, 10, tel.: 28-07-74, 28-2003, 28-08-82.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle