TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMTALYP 2022

Talyp-2022:Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Ata­my­rat Ny­ýa­zow adyn­da­ky Ýö­ri­te­leş­di­ri­len bank mek­de­bi­

Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Ata­my­rat Ny­ýa­zow adyn­da­ky Ýö­ri­te­leş­di­ri­len bank
mek­de­bi­ 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler
boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Bank amal­la­ry­nyň teh­nolo­gi­ýa­sy.
2. Bank karz­laş­dyr­ma­sy.
3. Bank­lar­da buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy.

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2 ýyl. Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11-nji iýuly — 13-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary
tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýada) okuwa kabul edilmek üçin
artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa kabul edil­mek Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 16-sy güni;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 18-i güni;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 20-si güni;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 22-si güni;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 24-i güni;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 26-sy güni.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy we jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş
synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz
sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäs­le­şik­siz
we ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Ata­my­rat Ny­ýa­zow adyn­da­ky Ýö­ri­te­leş­di­ri­len bank
mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., 1916-njy (B.An­na­now) kö­çe, 129,                                tel.: 28-71-56, 28-71-66.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle