TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMTALYP 2022

Talyp-2022:«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Nebit, gaz känleriniň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
2. Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak.
3. Nebitgaz geçirijilerini we nebitgaz ammarlaryny gurmak we ulanmak.
4. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.
5. Elektrik beketler, ýaýlymlar we ulgamlar.
6. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
7. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.
8. Awtomatlaşdyrylan elektrotermiki ulgamlaryň önümçiligi.
9. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
10. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
11. Maglumat ulgamlary.
12. Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy.
13. Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak.
14. Maşyngurluşygyň tehnologiýasy.

Ma­ry ne­bit­gaz or­ta hü­när okuw mek­de­bine Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­den pes
bol­ma­dyk bin­ýat­da bi­li­mi bo­lan, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň        ne­ti­jele­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär. Oku­wyň möh­le­ti 2,5 ýyl.
Ma­ry ne­bit­gaz or­ta hü­när okuw mek­de­binde okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp ba­ryl­ýar.

Resmi iş kagyzlary Ma­ry şä­he­rin­de 2022-nji ýy­lyň 11-nji iýu­ly — 13-nji aw­gus­ty
ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na  ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— bi­li­mi ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan belle­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin töle­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— okuw ders­le­ri bo­ýun­ça mek­dep okuw­çyla­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, hal­ka­ra
bäs­le­şik­le­re gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry          tas­syk­la­ýan   de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar.
Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler, ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­malar    bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän  iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we
nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:
— pas­por­ty­ny;
— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýa-da ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça    har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.
Da­laş­gär bäs­le­şik­siz we (ýa-da) oku­wa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peýda­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mina­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp resmi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kärçi­lik çek­ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň Ma­ry ne­bit­gaz or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de (Ma­ry şäheri) 2022-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 16-17-si, 19-y we 20-si gün­le­rin­de ge­çi­ril­ýär.
Giriş synaglary äh­li hü­när­ler bo­ýun­ça fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy
ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär. Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta       mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.Okuw ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­rydöw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagtda sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­medik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan geçip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra        goý­be­ril­me­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýagda­ýyn­da, bäsleşiksiz we talyplyga kabul
edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bi­limha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­jele­nen gör­nü­şin­de kes­git­le­nen düz­gün­le­re laýyk gel­ýän da­laş­gär­ler peý­da­lan­ýar­lar.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary welaýaty, Mary ş., Kemine köçesi, 33, tel.: 4-66-65, 4-63-42, 4-66-10, 4-67-80.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Fizika boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Nobel hepdeligi başlady

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna täze rektor bellendi

Teswirle