TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Talyp-2022:Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Býu­jet esa­syn­da:

1. Halk saz gu­ral­la­ry.
2. Ki­riş­li saz gu­ral­la­ry.
3. Üf­le­nip we ka­ky­lyp ça­lyn­ýan sazgu­ral­la­ry.
4. Aý­dym aýt­mak sun­ga­ty (wo­kal).
5. Bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty.
6. Hor di­riž­ýor­ly­gy.
7.Saz mu­gal­lym­çy­ly­gy.
8. For­te­pia­no.
9. Ho­re­og­ra­fi­ýa sun­ga­ty.

II. Tö­leg­li esas­da:

1.Türk­men mil­li saz gu­ral­la­ry.
2.Sa­zyň ta­ry­hy we na­za­ry­ýe­ti.
3.Nak­gaş­çy­lyk.
4.Heý­kel­ta­raş­lyk.

Ýörite sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk
binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Ýörite sungat mekdebiniň ho­re­og­ra­fiýa    sun­ga­ty (halk tan­sy) hünärine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdepleriniň tans bölümini tamamlan, şeýle-de döredijilik we tans toparlarynda tansçy bolup azyndan 2 ýyl işlän oglan-gyzlar kabul edilýär. Ýörite sungat mekdebiniň aý­dym aýt­mak
sun­ga­ty (wo­kal) hünärine 18 ýaşyny dolduran, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatyny, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini tamamlan oglan-gyzlar kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Türkmenabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— sazçylyk ýa-da ýörite çeperçilik bilimi barada resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden,harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
— 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini (nakgaşçylyk hünärine okuwa girýänler üçin).

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik
çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edilmek 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 27-si, 29-y we 31-i günlerinde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde (Türkmenabat ş.) geçirilýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

— hünär: ho­re­og­ra­fi­ýa sun­ga­ty — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;

— hünär: sa­zyň ta­ry­hy we na­za­ry­ýe­ti

— hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

— hünärler: nak­gaş­çy­lyk, heý­kel­ta­raşlyk — galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy;

— beýleki hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.

Giriş synaglary sungat mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça bolsa Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Le­bap we­la­ýat ýö­ri­te sun­gat mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Türk­me­na­bat ş.,   O.Ga­ra­ýew kö­çe­si, 117, tel.: 6-06-75, 6-16-4

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle