TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Talyp-2022:Halkara gatnaşyklary instituty 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
  2. Hukuk işi (hünär: halkara hukugy).
  3. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünär: halkara gatnaşyklary we diplomatiýa).
  4. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: halkara žurnalistikasy).
  5. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
  6. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: halkara ykdysady gatnaşyklary).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Hukuk işi (taýýarlygyň ugry: halkara hukugy).
  2. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugry: halkara gatnaşyklary).

3.Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýeti).

  1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 10-11-si, 12-si we 13-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: halkara hukugy; halkara gatnaşyklary we diplomatiýa; taýýarlygyň ugurlary: halkara hukugy; halkara gatnaşyklary — iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty;

hünär: halkara ykdysady gatnaşyklary; taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýeti — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

hünär: halkara žurnalistikasy; taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25;

tel.: 22-68-50.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle