TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMTALYP 2022

Talyp-2022:Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Myhmanhana hyzmatlary.
2. Syýahatçylyk hyzmatlary.
3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
4. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.
5. Daşky gurşawy goramak we tebigy miras.
6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki sy­ýa­hat­çy­lyk or­ta hü­när okuw mekde­bi­ne Türk­me­nis­ta­nyň umu­my   or­ta bi­lim­den pes bol­ma­dyk bin­ýat­da bi­li­mi bo­lan, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş
sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.
Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl. Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki sy­ýa­hat­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­debin­de okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp ba­ryl­ýar.

Resmi iş kagyzlary Aş­ga­bat şä­he­rin­de we we­la­ýat merkez­le­rin­de 2022-nji ýy­lyň 11-nji iýu­ly — 13-nji aw­gus­ty ara­lygyn­da ka­bul edil­ýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— bi­li­mi ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­nama­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syk­la­nan göçür­me­si;

— okuw ders­le­ri bo­ýun­ça mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, hal­ka­ra bäs­le­şik­le­re gat­na­şan Türkme­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry
tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyrýar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler, ýokar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar     bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­gala­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— pas­por­ty­ny;

— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýa-da ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­masy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­haty­ny.

Da­laş­gär bäs­le­şik­siz we (ýa-da) oku­wa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler. Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki sy­ýa­hat­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de we we­la­ýat mer­kez­le­rin­de aşak­da­ky möh­let­ler­de ge­çi­rilýär:

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 16-sy gü­ni;

Le­bap we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 18-i gü­ni;

Bal­kan we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 20-si gü­ni;

Ma­ry we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 22-si gü­ni;

Ahal we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 24-i gü­ni;

Aş­ga­bat şä­he­ri — aw­gust aýy­nyň 26-sy gü­ni.

Giriş synaglary aşak­da­ky okuw ders­le­ri bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:

hü­när­ler: myhmanhana hyzmatlary; syýahatçylyk hyzmatlary; daşky gurşawy goramak we tebigy miras — Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, ge­og­ra­fi­ýa, jem­gy­ýe­ti öwre­niş;

hü­när­ler: ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş; buhgalterçilik hasaba alnyşy — ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş;

hü­när: jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy — hi­mi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş.

hü­när­ler: ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş; buhgalterçilik hasaba alnyşy — ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş;

hü­när: jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy — hi­mi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş.

Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň orta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­nama­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­rilýär.Okuw ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den
ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra         goý­beril­me­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bi­lim ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň           re­je­le­nen gör­nü­şin­de kes­git­le­nen düz­gün­le­re la­ýyk gel­ýän da­laş­gär­ler
peý­da­lan­ýar­lar.

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:    Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, 2023 (M.Kösäýew) köçesi, 49,                             tel.: 36-48-14, 36-36-97.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle