TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMTALYP 2022

Talyp-2022:Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

2. Maliýe we karz.

3.Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.

4. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.

5. Salgytlar we salgyt salmak.

6. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy.

Ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuwmek­de­bi­ne Aş­ga­bat şä­he­rin­de he­mişe­lik ýa­şa­ýan      Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­den pes bol­ma­dyk bin­ýat­da bi­li­mi bo­lan, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edilýär.
Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl. Ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de okuw­lar   tö­leg­li esas­da alnyp ba­ryl­ýar.  Resmi iş kagyzlary Aş­ga­bat şä­herin­de 2022-nji ýy­lyň 11-nji iýu­ly — 13-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— bi­li­mi ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­raýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi tara­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rinden, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny foto­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çesi­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— okuw ders­le­ri bo­ýun­ça mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýeňi­ji­le­ri‚ hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň agza­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge
is­leg bil­dir­ýän­ler, ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de, res­mi­nama­la­ry            ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşakda­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— pas­por­ty­ny;

— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýa-da ýazy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär bäs­le­şik­siz we (ýa-da) okuwa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kukdan peý­da­lan ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler. Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2022-nji ýy­lyň aw­gust aýynyň 16-17-si, 19-y we 20-si gün­le­rin­de Aş­ga­bat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de ge­çi­ril­ýär.

Giriş synaglary äh­li hü­när­ler bo­ýunça ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy,
jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär. Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry
Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.
Okuw ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­lary döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­lenen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re
gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dikler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bi­lim ha­kyn­da” Türk­me­nis­tanyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şin­de kes­git­le­nen düz­gün­le­re la­ýyk gel­ýän da­laş­gär­ler peý­da­lan­ýar­lar.

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112,                   tel.: 49-64-25, 49-64-29.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşigine badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Dekabr aýynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

Türkmen himiýaçy talyplarynyň üstünligi

Teswirle