TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Talyp-2022: Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi 

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Býujet esasynda:
  2. Şepagatçylyk işi.
  3. Laboratoriýa anyklaýyş işi.
  4. Fizioterapiýa we dikeldiş işi.
  5. Tölegli esasda:
  6. Bejeriş işi.
  7. Şepagatçylyk işi.
  8. Farmasiýa.
  9. Laboratoriýa anyklaýyş işi.
  10. Ortopedik stomatologiýasy.

Lukmançylyk mekdebine Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň merkezinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama(asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) we Ahal welaýatynyň merkezinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär.

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2023nji (M.Kösäýew) köçe, 90; tel.: 36-96-73, 36-93-82.

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle