25/01/2021 21:35
Home SYÝAHATÇYLYK Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň utgaşdyrmagynda 2020-nji ýylyň 22-nji dekabrynda sagat 17:00-da Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Siz halkara uçar gatnawlary baradaky maglumat boýunça habar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Türkiýäniň ilçihanasynyň 2020-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenabatdan Stambul şäherine göz öňünde tutulan ýörite uçar gatnawy baradaky bildirişine laýyklykda, şunuň bilen baglylykda Türkiýä gitmek isleýän Türkiýe Respublikasynyň raýatlarynyň talabyny goşundydaky maglumatlary dolduryp, ilçihananyň resmi elektron poçta salgysyna (embassy.ashgabat@mfa.gov.tr) gyssagly ibermekleri garaşylýar.

Ilçihana tarapyndan Türkiýä gitmek isleýän raýatlaryň sanawy “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasyna berler. Soňra raýatlaryň pasportlarynyň asyl nusgasy ýa-da göçürmesi bilen sanawy “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasyna (Atatürk köçesi 82, A7-A8 otagy/ “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gaty. Tel:+993-610-144-33) ýüz tutup, uçardan orun satyn alyp bilerler. THY-niň Aşgabatdaky şahamçasynyň iş wagtyndan daşary 2020-nji ýylyň 19-njy dekabrynda, ýagny şenbe güni hem sagat 11:00-17:00 aralygynda açyk bolar.

Okap bilersiňiz  Hoş habar: ýokanç kesel ýok edildi

“Türkhowaýollary” kompaniýasy tarapyndan bu uçar bilen gitjek her bir ýolagçy üçin biletiň bahasy 550 ABŞ-nyň dollar möçberinde kesgitlendi. Her bir ýolagçy üçin 30 kg möçberinde ýük almaga, 8 kg möçberinden artyk bolmamak şerti bilen ýanynda göterýän torbasy ýa-da ýan kompýuter torbasyny almaga hem-de talap bolan halatynda goşmaça ýük almaga her kilogramyna 7 dollar tölemek şerti bilen  mümkinçilik dörediljekdigi mälim edildi.

Okap bilersiňiz  Kiçijik ýalan

Goşmaça soraglar ýüze çykan halatynda ilçihananyň konsullyk bölümine “+99312940027” we “+99312940029” telefon belgileri bilen ýüz tutup bilersiňiz.

Jemi 43 baýrak: Bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy

Ýakymly ýatlama: Žurnalymyz BMG Resmi Twitter hasabynda

Türkiýede bilim almak üçin – “Atavatan Danışmanlık LTD”

 

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Okap bilersiňiz  Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri”. Syýahat ýazgylary…

IŇ TÄZE HABARLAR

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

100 million dollar pul baýrakly bäsleşik

Dünýäniň baý adamlaryň hatarynda ikinji orny eýeleýän “Tesla we Space X” kompaniýalaryň ýolbaşçysy Ilon Musk, kömürturşy gazyny özüne siňdirýän ulgamyny döretmek atly bäsleşik yglan...

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazarda bilelikde energiýa serişdelerini çykarar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliyewiň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň döwlet habarlar gullugy habar berýär.
Okap bilersiňiz  Seni ilkinji söýen adam kim?
Bu möhüm...

Hytaý Türkmenistana buraw turbalaryny iberer

Türkmenistanyň “Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalarynyň nobatdaky tapgyryny satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragataşyk arkaly mejlisinde degişli Karara gol...

“Umytly dalaşgär”

Sabyrsyzlyk bilen gyzynyň habaryna garaşyp oturan Dünýä gelnejäniň el telefonyna jaň geldi we ol jaň edýäniň kimdigine-de seretmän dessine aldy. Jaň edýän kişi bolsa...