BIZNES

Sukerbergiň ýitgisi 7 milliard dollar

Mälim bolşy ýaly, düýn size Dünýäniň iň meşhur jemgyýetçilik torlary bolan “Instagram” we “Facebook”, şeýle hem habarlaşmak platformy bolan “WhatsApp” hyzmatlarynda emele gelen näsazlyk barada habar beripdik.

“Facebook” kompaniýasynyň esaslandyryjy Mark Sukerberg özüniň garamagyndaky iri jemgyýetçilik torlarynda emele gelen näsazlyk sebäpli arassa kapitalyndan 7 milliard dollar ýitgi çekdi. Bu barada “Bloomberg” habarlar gullugy habar berýär.

Habarlar gullugynyň habaryna görä, Sukerbergiň emlägi birnäçe sagadyň dowamynda 120,9 milliard dollar çenli azaldy. Şeýlelikde, Sukerberg dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 3-nji orundan 5-nji orna geçdi.

“Facebook” kompaniýasynyň ýitgisi bolsa 60 milliard dollara deň boldy.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 5 göterim pese gaçdy. Kompaniýanyň ýolbaşçylary emele gelen näsazlyklar sebäpli müşderilerinden ötünç sorady we birnäçe sagatdan soňra jemgyýetçilik torlarynyň gaýtadan işlemegini gazandylar.

Konfigurasiýanyň ýalňyş üýtgemegi, sosial ulgamlaryň işinde global köp sagatlyk kesilmegine sebäp bolandygy mälim edilýär.

 

“Instagram” gaýdyp geldi: yzy bilen “Facebook” we “WhatsApp”

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy