SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Stambul-Aşgabat-Stambul gatnawy amala aşyryldy

Ozal habar berşimiz ýaly Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy tarapyndan Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy meýilleşdirildi. Şol ýörite gatnaw  meýilleşdirilen senesinde, ýagny şu gün amala aşyryldy. Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylan bu uçar şu gün paýtagtymyzyň halkara howa menziline gelip gondy. Biraz wagtdan Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň uçary Aşgabat-Stambul ugry boýunça uçuşyny amala aşyrdy. Bellemeli zat, “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň nobatdaky ýörite gatnawy 14-nji martda amala aşyrylar. Bu gatnaw Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça meýilleşdirilýär.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Ýene bir ýörite gatnaw: ýakynda jemi 3 sany ýörite gatnaw bar

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy