TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sportuň iň täsin görnüşleri

Sepaktakrau, jaý-alaý, bossabol, şahboks… ýok, bular harplaryň tötänleýin düzülmesi däl. Bular hakykatdan-da bar bolan we bütin dünýäde ýaýran sportuň geň-taň görnüşleri. Bu görnüşler boýunça dürli ýaryşlar we çempionatlar hem geçirilýär. Makalada size sportuň şu görnüşleri baradaky maglumatlary ýetirýäris.

Suwasty hokkeý:

Suwasty hokkeýi Alan Beýk atly daýwing boýunça amerikan instruktory oýlap tapýar. Oýnuň esasy maksady – garşydaşyň suwuň aşagynda ýerleşýän derwezesine şaýbany geçirmek. Suwasty hokkeýiň klýuşkalary hakykysyndan 5 esse gysga bolup, onuň uzynlygy 30 santimetrdir. Oýunda alty adamdan ybarat iki topar bolup, ýene 4-si suwuň ýokarsynda  garaşyp otyrýarlar. Suwasty hokkeýiň tapawutly we gowy taraplary, ony jynsyna, ýaşyna we güýjüne garamazdan her kim oýnap biler. Çünki suw türgenleriň güýçlerini deňleýär. Suwasty hokkeý diýseň çalt depginde meşhurlyk gazanýar. Eýýäm tutuş dünýäde sportuň bu ugry boýunça 228 sany professional klublar hereket edýär.

Sepaktakrau:

Sepaktakrau barada ilkinji gezek XV nji asyryň golýazmalarynda agzalyp geçilýär. Sepaktakrau – futboluň we wolleýboluň simbiozy. Toparlar aýaklary bilen topa urup oýnaýarlar, ýöne ony oýun meýdançasynyň ortasynda ýerleşen tordan geçirýärler. Howada ýerine ýetirilýän hereketler haýrana goýýar. Türgenler ilki bilen topy aýaklarynda saklaýarlar, soňra bolsa garşydaşyna tarap depýärler. Topar üç adamdan ybarat bolup, oýunda ýeňiljek (180 gram) top ulanylýar.

Roller-derbi:

Roller-derbi – tigirçekleri iki setirden düzülen rolik geýilip oýnalýan sportuň görnüşi. Ýaryşyň dowamynda garşydaşlar ritm boýunça sagat ugrunyň garşysyna hereket edýärler. Oýnuň maksady – öňe çykyp, garşydaşlaryň gorag bölegini ýeňip geçmek. Roller-derbi – esasan zenanlaryň oýnaýan sportudyr. Toparda 5 oýunçy bolup, duşuşyk iki sany ýarym sagatlyk periodlardan ybarat bolýar. Olar hem öz gezeginde iki minutlyk arakesmelere (džemlere) bölünýär. Sportuň bu görnüşinde türgenleriň özlerine içki ýagdaýlaryny alamatlandyrýan ýowuz at, lakam saýlamaklary kada öwrülipdir.

Şahboks:

Ilkinji gezek şahboks barada Enki Bilalyň “Froid-Équateur” atly komiks-romanyndan bilýärler. Golland performansisti Ipe Rubing bu oýnuň konsepsiýasyndan şeýlebir ylham alýar welin, ony durmuşa geçirýär. Onuň özü-de şahboks boýunça ilkinji dünýä çemiony bolýar. Sportuň bu gibrid görnüşi adamyň hem fiziki, hem intelektual güýjüni artdyrýar. Oýnuň esasy ideýasy – küştüň we boksuň birleşdirilmegi. Duşuşyk 11 tutluşykdan ybarat (jübütler – boks, täkler – küşt). Garşydaşlar boks meýdançasynda güýç synanyşýarlar, edil şol ýerde-de küşt oýnaýarlar.

Džaý-alaý:

Džaý-alaý sportuň iň çalt görnüşi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ýörite elligiň kömegi bilen oýunçylar topy diwara zyňýarlar. Garşydaşy bolsa ony gapýar we ýene-de zyňýar. Džaý-alaý oýnunyň topy diýseň berk bolup, tizligini 300 km/sag çenli artdyrýar. Top meýdançanyň çäginden çykmaly däl we ýere degmeli däl. Oýunçylaryň aýtmagyna görä, her 15 minutdan top ýyrtylýar we ony çalyşmaly bolýarlar.

Bossabol:

Bossaboluň esasy – akrabatiki taýýarlyk. Topy eliň bilen-de, täsirli hereket bilen hem urup bolýar. Toparda 4-5 oýunçy gatnaşýar. Bossabolda hasap ýöredilişiniň tapawutly ulgamy bar. Toparlar woleýboluň ýa-da futboluň ikisiniň-de hasap ýörediliş ulgamyna görä bal alyp bilýärler. Bossabol oýun meýdançasy bilen-de haýran galdyrýar. Oýun ortasynda tor bolan uly, çişirilen batutlaryň üstünde geçýär.

Ýeke tigirli hokkeý:

Sportuň bu görnüşiniň tapawutlylygy unisikldedir (bir tigirli welosiped). Oýunçylar şonuň kömegi bilen hereket edýärler.  Bu welosiped diňe materialy bilen sirkiňkiden tapawutlanýar. Köplenç, turnirler sport zallarynda geçirilýär. Meýdançanyň üsti tekiz bolup, şaýbanyň deregine tennis topy peýdalanylýar. Taýaklar we derweze bolsa, edil buzda oýnalýan hokkeýdäki ýaly. Her toparda derwezebany hasaba almanyňda 4 oýunçy bar. Derwezeban hem derwezäni unisiklde goraýar.

Kwiddiç:

Muny başgaça maglow kwiddiçi diýip hem atlandyrýarlar. Sportuň bu görnüşi Jon Roulingiň hem-de Garri Poteriň jadyly dünýäsiniň kömegi bilen meşhur bolýar. Garri Poter hakyndaky kitapda kwiddiç oýnunyň oýunçylary süpürgiçlerde uçýarlar, toplary gözeneklere zyňýarlar we janlaryna howp salýarlar. Emma hakykatda bolsa, kwiddiç gandbola meňzeýär. Ýöne jadyly atributikanyň ýokdugyna garamazdan, oýun içgysgynç ýa-da gyzyksyz däl! Kwiddiç oýnuny oýnamak üçin professional türgen bolmak zerur däl. Meýdançada 7 adamdan ybarat iki topar bolýar. Oýnuň maksady – başardygyňdan köp utuk gazanmak. Oýunçylar tennis ýa-da badminton raketkalary bilen oýnaýarlar. Eger-de toparlaryň biri snitçi tutup bilse (eserdäki kiçijek topjagaz), ýa-da 45 minutdan soň oýun tamamlanýar.

Mähriban Hudaýgulyýewa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Gazagystan : Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleri 2022

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle