TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Söýgi hakda oýlanmalar

“Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,

Yşka düşse  , guşlar eňrär, gurt aglar,

Egiler haýbatly , kuwwatly daglar,

Daşlar erip, çeke bilmez bu derdi”

Magtymguly-Pyragy.

“Söýgisiz durmuş  ýeňil, emma onsuz durmuşyň manysy ýokdur”

Lew Tolstoý

          Ynsanyň ähli duýgylarynyň içinde söýgi iň ýokary, tolgundyryjy, pozitiw,   güýçli duýgydyr.  Söýgi hakynda gadymy döwürden häzirki güne çenli aýdylan sözler kän. Her bir adam hem söýgi hakynda oýlanyp , oňa düşünesi gelýär, ony  kesgitläsi gelýär, bagtly söýgini  özi hem başdan geçirmek isleýär. Ýaş juwanlar  oňa jahyllyk  gyzgyny  bilen, örän  elendiriji, käwagtlarda heýjana getirýän güýçli başdan geçirme ýaly edip seretse, uly ýaşly adamlar  söýgä has paýhasly , has çuň  many bilen seredýär. Söýgä nähili baha berilse-de, adamyň durmuşynda söýgi örän ýokary orun tutýar, iň esasy  – bu adamyň  kalbynyň söýgä ukyply bolmagydyr. Lew Tolstoý “Söýgi- bu ynsanyň ýeke-täk pähimli işi’ diýip belleýär” Biz diňe aýal we erkek adamyň arasyndaky söýgini göz öňüne tutsak bu söýgi temasyny örän çäklendirenimiz    bolýar, söýgi  özüniň köpdürli görnüşleri bilen ölçegsiz giňdir. Dante aýtmagyna görä “ söýgi  Güni we  beýleki ýyldyzlary herekete getirýär”.

Biziň ruhy dünýämiz dürli  söýgi  joşgunlaryna  sahy. Söýgi netijesinde döreýän   isleg, arzuw, erkli hereketler, pikirler  – bularyň barysy söýginiň  subutlary bolup durýar, emma olara “ine bu  söýgi”  diýip bolmaýar   .

Söýgi we arzuw. Söýgi we isleg-arzuwyň arasynda köp umumy sypatlar bar, hakykatdan-da yşk we  isleg dörände  ynsan kalbynda   güýçli tolgunma başlanýar.  Şeýle aýdanda isleg  – bu öz islegine  eýe bolmak, ony öz  durmuşyň bir bölegine öwürmegi maksat edýär, şonuň üçin hem isleg kanagatlanandan soňra isleg ölýär , adam köşeşýär.  Söýgide weli beýle däl, ýagny  söýgi – bu hemişe  dowam edýän zerurlyk, ýetmezlik. Yşk  joşgunyň täsiri bilen ynsan  öz mümkinçilikleriniň hem daşyna çykyp has işjeň bolýar, ol  şo tükeniksiz zerurlygy üçin hereketi dowam edýär.  Netijede söýgi  kämilleşip, özüniň has ýokary , kämil basgançaklaryna geçýär. Bu Allanyň we tebigatyň adamy kämilleşdirmek üçin  iň  gowy peşgeşleriniň  biri.

Söýgi we aşyklyk. Köp adamlar öz ömründe köp sanly söýgini başdan geçirdim diýip pikir edýärler. Ynsan ýüregine , aýratynam  jahyl döwri aşyk bolmak mahsus. Aşyklyk – bu kalbyň güýçli emosional ýagdaýy bolup, aşygyň bar pikir- hyýaly öz magşugynda bolýar, oňa dünýädäki magşugyna degişli däl , başga bolup geçýän wakalar, duýgular gyzykly däl.  Bu ýagdaý aşygyň dünýägaraýşyny örän çäklendirip daraldýar, söýgide bolsa adam kalby ösýär , gözelleşýär. Aşyklyk bu haýsydyr bir adama aşyk bolmagy, ony çenden aşa halamagy. Aşyklykda  çendenaşa gyzyklanma döräp, duýgular ýitileşip öte geçýär, bolşundan beter görünýär. Netijede  şo sebäpli gabanjaňlyk, tutgaýlyk, gaharjaňlyk mejnunlyk ýaly duýgular   hem ýüze çykýar. Aşyk bolan adam başga bir has güýçliräk täsire sezewar edilse, onuň aşyk bolan obýekti üýtgeýär, ýagny ol başga adama täzeden aşyk bolýar.  Elbetde , aşyklygyň özi  köplenç  söýginiň  joşgunly basgançagy bolup durýar , onuň yzyndan   bolsa  çensiz çuň we köptaraply , hakyky ynsan duýgusy döreýär. Söýgi hemişede şeýle hyjuwly “ aşyklyk”  tapgyryndan geçýär.  Emma her bir aşyklyk söýgä hemişe getirmeýän wagtlary köp.  Şonuň üçin aşyklyk we söýgi  wagt we aýralyk  synagyndan geçirilýär.

Söýgi diýmegiň özi näme? Ilki bilen bu-  adamyň diňe özi üçin däl,  öz söýýän  adamy  üçin ýaşamaga bolan  höwesi.  Söýgi – bu  haçanda ynsan kalby  näziklikden, mähirden, bagtdan püre-pür bolup , bu duýgulary söz bilen beýan edip bolmaýan, diňe gözler bilen , haýsydyr bir näzik hereketler bilen  duýduryp bolýan ýagdaý.  Bu ýagdaý iki ynsanyň  arasynda  ýyldyrym , uçgun döräp, olary biri-birine dartýan ýagdaýdyr, şo sebäpli bu adamlar söýginiň sähelçe ünsine ýada parhsyzlygyny örän ýiti kabul edýärler, olar öz söýgisini hemişe görmek, onuň şatlyk-gaýgylaryny hemişe bilmek, olar hakynda alada etmek, biri-birine hemişe kömek bermek  islegleri gurşap alýar. Söýgide bulutly howa we ýagmyr hem öz  söýgülisiniň ýanynda  şatlyk getirýär, zemin hem adama dürli reňk öwüsýär, guşlaryň sesi adama aýdym-saz bolup eşidilýär. Söýýän adam diňe gowylyk edesi gelýär, bagt paýlasy gelýär. Söýgüde hiç haçan sözler köp bolmaýar, söýüp-söýülýän adam kalbyndan çykýan söýgi sözlerini hemişe diňläsi gelýär. Söýüşýänleriň  biri-biri bilen bir bütewi  jan-ten bolmagy  söýgi  duýgularyň çürbaşy bolup, söýginiň apofeozy bolýar. Bagta ýeten adam örän işjeň, daşky gurşawyň ähli energetikasyny özüne jemläp, özi hem täze güýç çykarýan ýalydyr, elbetde bu ýagdaý onuň durmuş ylham çeşmesi- söýgisiniň   ýanynda bolanda ýüze çykýar.  Gynansagam, şeýle bagtly joşgunly ýagdaýy  hemişe saklap bolmaýar , şonuň üçin hem söýgi özüniň ýiti yşykly  lowurdamalary bilen ýatda saklanýar. Söýgi özüniň täze basgançagyna, hormat-muhabbet,  ynama geçýär. Söýgi hemişe hem iki ynsanyň  içgin, gizlin syry bolmalydyr, söýgi bagty jar edilende söýgi  ejir çekýär, söýgi pynhan saklap goralmalydyr. Türkmen halkymyz her bir işe, her bir gowylyga “ gözden-dilden saklasyn” diýip ýöne ýere aýtmandyr.

Ykballar birleşende  söýgi  maşgalanyň  ygtybarly daýanjy, berk esasy  bolup geljekde  bagtly durmuşyň girewi bolýar.  Biziň ajap eýýamymyzda goý her bir adam öz söýgisini tapsyn, ony gorap bagta ýetsin!!!

                                                          Baýramgül Ödeşowa, lukman.

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle