BIZNES

Türkmen Lider, türk işewürini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde energetika desgalarynyň düýbüniň tutulyş dabarasyndan soňra “Çalyk Holding” kompanýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etti. Duşuşykda türk kompaniýasynyň gatnaşmagynda durmuşa geçrilýn uly taslamalar ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu taslamalaryň hatarynda şu gün gurluşygyna badalga berlen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurulýan gaz turbinalar we elektrik bekedeniň durkunyň täzelenmegi hem-de  Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirisiniň taslamasy bardyr.

Türk işewüri duşuşygyň barşynda ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalar barada hasabat berdi. Milli Liderimiz türk kompaniýasynyň türkmen bazarynda alyp barýan işlerine uly kanagatlanma bildirip, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirisiniň ähmiýetini belläp geçdi. Şeýle hem milli Liderimiz gurluşyg alnyp barylýan taslamalarda esasy talaplaryň olaryň hiliniň ýokary bolmagy hem-de öz wagtynda gurulmalydygyny belledi.

Belki bu gyzykly

Üns Beriň ! Baýrakly Teswirler : Saýlanan Teswirler

Ýene-de okaň

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder