No menu items!
20/09/2020 23:23
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Koronawirus sanjymyny satyn alar

Koronawirus sanjymyny satyn alar

Ýaponiýanyň hökümeti täze görnüşli koronawirus pandemiýasyna garşy 671,4 milliard ýen (takmynan, 6.3 millirad dollar) möçberinde maliýe serişdelerini bölüp bermegi maksat edinýär. Bu barada ýurduň Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Ýosihide Guga habar berýär.

– Bu serişdeler ilki bilen koronawirusa garşy sanjym almaga gönükdiriler. Bu babatda biz ABŞ-nyň hem-de Beýik Britaniýanyň kompaniýalary bilen deslapky şertnamalary baglaşdyk – diýip, ol belledi. Bu maliýe serişdeleri ykdysadyýeti goldamak we koronawirusa garşy göreşmek üçin hökümet tarapyndan tassyklanan goşmaça býujetden bölünip berler.

Ýaponiýa “AstraZeneca” britan-şwed farmasewtika kompaniýasy we Amerikanyň “Pfizer” kompaniýasy bilen synag sanjymlarynyň 120 million dozasy boýunça eýýäm ylalaşyk baglaşdy.

Häzirki wagtda ýapon hökümeti ýen-de 5 sany daşary ýurt kompaniýalary bilen gepleşikler alyp barýar.  Ýurduň özünde hem birnäçe sanjymlary taýýar edildi we synagdan geçirilýär, ýöne olaryň täjirçilik maksatly satuwynyň daşary ýurtly kompaniýalaryň sanjymlaryndan gijä galmagy hem-de möçbei boýunça çäkli bolmagy mümkin.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

IŇ TÄZE HABARLAR

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin) ...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmen milli şaý-sepleri

Türkmen zergärçilik sungatynda aýal-gyzlaryň şaý-sepleri esasy orny eýeleýär. Türkmen aýal-gyzlarynyň şaý-sepleri özüniň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmen ussalary beýleki halklaryňka meňzemeýän ajaýyp...

12-23 aýlyklarda çagany dogry iýmitlendirmek

Çaga günüň dowamynda maşgala saçagyndaky iýmitlerden 5 gezek naharlanmaly - 3 gezek esasy we 2 gezek goşmaça naharlanmaly. Iýmıtlendirmegiň iň oňat düzgüni: göwüsden emdirmegi...

Söýgi gudraty

Ynsan kalby hemişe öz söýgüsine ýetmek isleýär. Durmuşymyzyň bezegi, ertirki günümize aýgytly gadam basmagymyz üçin döreýän bu ajap duýgy her birimizde her dürli hem-de...

Dünýäniň iň köp girdeji gazanýan futbolçylary…

Häzirki wagtda dünýäniň islendik künjünde sportuň futbol görnüşi has hem özgerýär. Bu sport bilen 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli meşgullanmagy halaýarlar. Hat-da futbol janköýerleri...