No menu items!
25/09/2020 5:45
No menu items!
Home ESASY HABAR Keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreler girizildi

Keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreler girizildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2020-nji ýylyň 17-nji awgustynda çykaran 237 belgili buýrugy bilen ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreler girizildi. “Atavatan Türkmenistan” halkara www.atavatan-turkmenıstan.com saýty bugün güýje giren buýrugy gyzgyny bilen Size ýetirýär.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 18-nji awgustynda 1371 belgi bilen hasaba alynan we Buýrugyň degişli maddasy bilen bellige alynan güni güýje giren buýruga laýyklykda Ýurdumyzda ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäresi hökmünde ähli adamlar (mekdebe çenli ýaşly çagalar muňa degişli däldir) tarapyndan köpçülikleýin ýerlerde (eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli edara-kärhanalarda, menzillerde, söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda, köçelerde we şuňa meňzeş beýleki köpçülikleýin ýerlerde) bolanlarynda, şeýle hem ulaglaryň ähli görnüşlerinde gatnalanda agyz-burun örtükleriniň dakynylmagynyň hökmanylygyny wagtlaýyn girizilýär.

Bu buýruk, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 17-nji maddasyna laýyklykda ýurdumyzda möwsümleýin ýokanç keselleri bilen bagly öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, raýatlaryň bu ugurda medeniýetliligini, jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2020-nji ýylyň 16-njy awgustynda geçiren mejlisinde kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek we ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmek maksady bilen kabul edildi.

Buýrukda,  degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde şu buýrugyň birinji böleginde bellenen çäreler barada metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz-nesihat işlerini geçirmelidi beýan edilýär.

Saglyk ulgamyna degişli beýleki habarlarymyzy okamak üçin gök ýazylan ýere basyň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň

2020-nji ýylyň 17-nji awgustynda çykaran 237 belgili 

B U Ý R U G Y

Ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak

boýunça wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmek hakynda

Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 17-nji maddasyna laýyklykda ýurdumyzda möwsümleýin ýokanç keselleri bilen bagly öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, raýatlaryň bu ugurda medeniýetliligini, jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2020-nji ýylyň 16-njy awgustynda geçiren mejlisinde kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek we ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmek maksady bilen, buýurýaryn:

  1. Ýurdumyzda ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäresi hökmünde ähli adamlar (mekdebe çenli ýaşly çagalar muňa degişli däldir) tarapyndan köpçülikleýin ýerlerde (eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli edara-kärhanalarda, menzillerde, söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda, köçelerde we şuňa meňzeş beýleki köpçülikleýin ýerlerde) bolanlarynda, şeýle hem ulaglaryň ähli görnüşlerinde gatnalanda agyz-burun örtükleriniň dakynylmagynyň hökmanylygyny wagtlaýyn girizmeli.
  2. Şu buýrugy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan gününden herekete girizmeli.
  3. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde şu buýrugyň birinji böleginde bellenen çäreler barada metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz-nesihat işlerini geçirmeli.
  4. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy ýurdumyzda epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäreleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeli.

Ministr                                                                              N.Amannepesow

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 18-nji awgustynda 1371 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Çeşme :minjust.gov.tm

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýty “Saýlanan Teswirler” ady bilen täze  baýrakly taslamany amala aşyrdy. Täze taslama indi däbe öwrülen “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginden...

Iň kiçi kubik

Ýaponiýada alty burçly tapmaçanyň satuwa çykarylmagynyň 40 ýyllygy mynasybetli dünýädäki iň kiçi Rubigiň kubigi jemgyýetçilik köpçüligine hödürlendi. Her tarapynda 9,9 millimetr ölçegli alýumin kubigi,...

TNGIZT-den A-98 marka benzin üçin halkara bäsleşik

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy A-98 marka benziniň satyn alynmagyna degişli halkara bäsleşiginiň möhletini uzaldýar.   Bäsleşige teklipler 2020-nji ýylyň 24-nji sentýabryndan 20 günüň dowamynda...

Russiýa mugt sanjym bermäge taýýar

Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň “Sputnik V” atly koronawirusa garşy sanjymy giň gerimde önümçilik işi alnyp barlyp, zerur bolan hassalara ýetirilýär. Şeýlelikde Russiýa BMG-nшň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Zähmet haklary ýokarlandyrmak: 2021-nji ýylyň býujeti

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde 2021-nji ýylyň döwlet býujetiniň taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz dünýäniň ykdysady we maliýe meseleleri boýunça hünärmenleriň...

Haýwanlar barada: dünýäniň iň kiçi aty

Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty hökmünde “Bil hany. Ine şu” atly kitapdan peýdalanyp, taýýarlaýan gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegi dowam edýäris. Žirafanyň çagasyny...

Türkmenistanda Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek

Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak boýunça täzeden seredilen Kioto konwensiýasyna goşulyşmak meselesine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi diýlip Türkmenistanyñ Döwlet Gümrük Gullugynyň web saýtynda aýdylýar. ...

At çapyşyklary we harby ýöriş

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralar barada hem hasabatlar berildi. Şol hasabatlardan görnüşi ýaly, 28-nji sentýabrda...