29/10/2020 22:20
Home IŇ TÄZE HABAR Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris.

  1. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin)
  2. Esaslandyryjynyň döretmek hakynda, esaslyk maýany, hukuk salgysyny, tertipnamasyny bellige almak aldyrmak, ýolbaşçyny bellemek baradaky karary.
  3. Tertipnama 2-nusgada
  4. Bankdan esaslyk maýasyny tassyklaýan kepilnama
  5. Hukuk salgysynyň tassyk haty kärende şertnamasy (kärende berijiniň kärendä berýän binasynyň esaslandyryş resminamalarynyň nusgalary)
  6. Aşgabat şäher statistikadan iş görnüşleri barada resminama (bellik: iş görnüşleri indi tertipnama ýazylmaýar)
  7. Esaslandyryjynyň hem direktoryň şahsy kagyzy pasport nusgasy we zähmet depderçesiniň nusgasy
  8. Bellige almak üçin tölegi 200 manat (Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi Aşgabat.ş Merkezi Bank H/H 2310193411010040000200 MFO 390101101 S/K 101111007529)
  9. At dakylandygy barada delilhaty
  10. Ynanç haty + pasport kopiýa
  11. Papka -1 sany
  12. Wagtlaýyn göçürmeden soň Hukuk salgysgysynyň tassyk haty (Aşgabat şäher häkimliginiň Arhitektura we şähergurluşygynyň Baş müdirligi ýa-da etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär)

Kärhanalar hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 26-nji maddasyna laýyklykda ýekebara kärhana, ýagny hususy kärhana barada düzgünleri Size ýetirýäris.

Okap bilersiňiz  Çempionat “utulan-çykdy” görnüşinde dowam eder

Kanuna görä, Ýekebara kärhana diýlip, bir fiziki tarapa degişli bolan kärhana hasaplanylýar. Ýekebara kärhana emlägiň eýesiniň çözgüdi boýunça döredilýär. Ýekebara kärhananyň esaslandyryş namasy eýe tarapyndan tassyklanylýan onuň ustawydyr. Bu kärhana beýleki bir eýä degişli kärhananyň fiziki tarap tarapyndan edinilmegi netijesinde döredilip bilner. Ýekebara kärhananyň emlägi fiziki tarapyň emläginden, girdejilerden we beýleki kanuny çeşmelerden emele gelýär.

Okap bilersiňiz  Döredijilikli Balyklar kimler

Esaslyk maýasy näçe?

Kanuna görä,  Ýekebara kärhananyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 25 esse möçberinden ybarat bolmalydyr.

Ýekebara kärhanany dolandyrmak onuň eýesi tarapyndan amala aşyrylýar. Ýekebara kärhananyň eýesi kärhananyň işlerini alyp barmagyň ygtyýarlaryny şertnama (kontrakt) boýunça beýleki adama (dolandyryja, ýerine ýetiriji direktora) bermäge haklydyr.

Jogapkärçilik

Ýekebara kärhananyň eýesi ýekebara kärhananyň alan borçnamalary boýunça doly emläk jogapkärçiligini çekýär.

Hususy kärhanany bellige almak baradaky habarymyz bilen baglanşykly soraglaryňyzy atavatanltd@gmail.com salgysyna iberip bilersiňiz!

Söýgüli Setirler: Ähli Söýgi Eserleri

Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan

Okap bilersiňiz  Göterip bolýan serginlediji öndürdi

IŇ TÄZE HABARLAR

Täze “super” ak reňk tapyldy

Amerikanyň “Perdýu” adyndaky uniwersitetiniň hünärmenleri 95,5% göterim Gün şöhlelerini serpikdirmäge mümkiçlik berýän, aşa ýokary hilli ak boýagy döretdiler. Boýagyň düzüminde kalsiý karbonatyň saklanmagy täze...

Stambul metrosynyň täze ugurlary

28-nji oktýabrda Türkiýede “Mejidiýeköý– Mahmutbeý” ugry boýunça täze metro açyldy. Ilkinji ugry göni aragatnaşyk Stambul şäheriniň hkimi Ekrem Imamoglunyň görkezmesi esasynda sagat 12:00-da başlady....

Nikol Kidmanyň täze taslamasy

Awstraliýaly 53 ýaşly aktrisa Nikol Kidman, Endrýu Bowelliň drama eseri esasynda surata düşüriljek “Bu zatlaryň hakykatdygyny bilýärin” dramasynda baş keşbi janlandyrjakdygyny mälim etdi. Kidman...

Muskyň kosmos internetiniň bahasy

Elon Muskyň eýeçiligindäki hususy kosmos kompaniýasy “SpaceX” -iň hemra esasly global internet taslamasy “Starlink” -iň bahasy mälim edildi.
Okap bilersiňiz  Halkara gurama maslahatçy gözleýär
Hususy kosmos kompaniýasy “SpaceX” -iň iň möhüm...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ýetilmedik söýgi

  Ýaş gyz agyr hassalygyň penjesinde urunýardy.Ýaraly kalby indi bu dünýäde daýanyp bilenokdy.Gyzyň maşgalasy örän baýdy.Olar ýürek bagşy üçin yglan beripdiler.Janyny gurban etjek birini gözleýärdiler.Ýaş...

Angliýadaky iň ýaş meşhur ýyldyzlar

“Heat” žurnaly tarapyndan her ýyl yglan edilýän Angliýada 30 ýaşa ýetmedik sungat işgärleriniň  2020-nji ýyldaky  sanawy kesgitlenildi. Olaryň jemi baýlygy 210 million funta barabardyr. Ine,...

Milli Liderimiz türk işewüri Erman Ylyjagy kabul etti

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabatda “Diwan” myhmanhanasynyň gurluşygyny alyp baran “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Erman Ylyjagy kabul etdi. Türk işewüri kompaniýasyna bildiriýän ynam üçin tüýs...

Türkmenistan otly we şäherara awtobus gatnawynda täze möhlet

Türkmenistana ýiti ýokan keselleriň gelmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen käbir çäklendirmeler dowam edýär. Şeýle çäklendirmeleriň esasynda ýolagçylara hyzmat edýän otly hem-de şäherara...