SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäde ilkinji sanjym: “Sputnik-V” diýlip atlandyryldy

www.atavatan-turkmenistan.com

Russiýa Federasiýasynda koronawirus ýokanjyna garşy ilkinji sanjym bellige alyndy. Ol 1957-nji ýylda Ýeriň ilkinji emeli hemrasynyň uçurylmagyna bagyşlanyp, “Sputnik-V” diýlip atlandyryldy. Saglygy goraýyş ministrliginiň döwlet derman serişdeleriniň sanawyna görä, rus sanjymy 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda raýat dolanyşygyna girer.

RUS SANJYMY BARADA GYSGAÇA…

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin dünýäde koronawirus ýokançlygyna garşy dünýäde ilkinji sanjymyň hasaba alnandygyny habar berdi. Döwlet baştutany, gyzlaryndan birine hem bu sanjymyň edilendigini belläp geçdi.

  • Bu snajym Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N.F.Gamaleý adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa boýunça milli barlag merkezinde taýýarlandy. Bu ýerde ýene-de 6 sanjym döredilýär.
  • Saglygy goraýyş ministrligi ony sanjym etmek üçin bellige aldy.
  • Derman kliniki synaglarda ýokary netijeliligi we howpsuzlygy görkezdi.
  • Ähli meýletinçilerde COVID-19-a garşy ýokary derejeli antikorlary döretdi.
  • Bu sanjymdan soňra koronawirusa garşy göreşijilik immunitet iki ýyla çenli dowam edip biler.

SANJYMY ÖNDÜRMEK IŞI

  • Sanjymyň köpçülikleýin önümçiligine gysga wagtda girişiler.
  • Sanjym iki merkezde öndüriler. N.F.Gamaleý adyndaky merkezde hem-de “Binnofarm” kompaniýasynda taýýarlanar.
  • Köp sanly ýurt rus sanjymyna gyzyklanma bildirip başlady.

KÖPÇÜLIKLEÝIN SANJYM

  • Ilkibaşda lukmançylyk işgärleri we mugallymlar sanjym ediler.
  • Lukmançylyk işgärlerini sanjym etmek awgustyň ahyrynda ýa-da sentýabrda başlanar.
  • Sanjym 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda dolanyşyga girer.
  • Sanjym etmek işi meýletin geçiriler. Isleg bildirenlere sanjym ediler.

Russiýa ilkinji bolup Covid-19 sanjymyny bellige aldy

COVID19 WE SAGLYK BARADAKY HABARLAR OKAMAK ÜÇIN LIKNE GIRIŇ

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär