29/10/2020 20:51

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe ýazsaň-da az. Ýöne, atam, şu gün size bolan söýgimi ak kagyza geçiresim geldi. Ýürekdäki ilkinji söýgüniň biri siz dälmi, eýsem?!

Bäş perzende gala bolup, hemişe olaryň aladasyny edip, gije-gündiz işlediňiz. Her kimiň durmuşynda-da eziz kyblasy kyn gününde elinden tutup galdyrar. Siz hem bizi şeýle pursatlarda ýalňyz goýmadyňyz. Hatda durmuşyň ilkinji ädimini ädenimde, elimden tutup goldaw berdiňiz. Eýýäm şol pursat siz meniň ilkinji gahrymanym bolupdyňyz.

Men häzirem şol pikirde. Häzirem sizden güýçli, sizden batyr, sizden gaýduwsyz adamy başga bilemok men. Dogry, ulaldym, ýöne kalbyňda şinelän ilkinji ynançlar hiç haçan ýitip-ýok bolmaz eken.

Mähriban käbäm bilen berlen ömrüňiziň köp bölegini bize bagyşladyňyz. Her gün gymmatly wagtyňyzdan sarp edip, edep-terbiýäniň ilkinji binýadyny goýduňyz. Çagalaryňyzyň gowy iýip-içip, sagdyn, edepli, terbiýeli bolup, ile-güne goşulmagy üçin eliňizden gelenini aýamadyňyz. Her gün işden ýadap gelseňiz-de mellekde işlärdiňiz. Bag ekerdiňiz, ýer deperdiňiz. Garaz, bizi hiç zatdan hor etmediňiz. Eliňizden geldiginden, sözümizi ýykmajak bolardyňyz. Durmuşda ajy-süýji günleriň boljakdygyny, emma hiç haçan ruhdan düşmeli däldigini, hemme kynçylyklary ýeňmelidigini  aňymyza guýduňyz. Bir atanyň perzendine berip biljek iň uly sowgady olara bolan söýgüsidir. Siz perzentleriňize ol söýgüni hem artygy bilen berdiňiz.

Okap bilersiňiz  Täleýnama — ýyldyzlar näme diýýär

Size meňzäsim gelýär. Çünki men şu ýaşyma çenli siz barada diňe öwgüli sözleri eşitdim. Ýogsam näme, etrapda ilkinji sungat mekdebini esaslandyran, halypalaryň halypasy bolan atam bar meniň. «Şägirdem bir perzent» diýýärler. Gör, bu gün siz ykbalyny sungata baglanlaryň näçesiniň ylym atasy.

Okap bilersiňiz  Musa Jalaýew Russiýanyň çempiony bolmak üçin ýaryşar

Bu günki gün  perzentleriňizi öýli-işikli etdiňiz. Daşyňyza agtyjaklaryňyzy üýşürip, giň döwletiň eýesi bolduňyz. Döwletiňiz yranmasyn, saglygyňyz egsilmesin, mähriban!

Mähriban käbäm bilen bileje aramyzda başynyzyň dik bolmagy biz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr, Taňrynyň beren iň beýik peşgeşidir. Ýyly ýylgyrşyňyz kalbymyzy ýyladar, mähribanlarym. Goý, elmydama janyňyz sag, başyňyz dik bolsun!

Maral Akmyradowa,

«Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy.

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Redmi Note 9” smartfony tanyşdyrylar

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

Okap bilersiňiz  Aşkabat'ta Uluslararası Tekstil ve Halı ürünleri fuarı düzenleyecek

IŇ TÄZE HABARLAR

Täze “super” ak reňk tapyldy

Amerikanyň “Perdýu” adyndaky uniwersitetiniň hünärmenleri 95,5% göterim Gün şöhlelerini serpikdirmäge mümkiçlik berýän, aşa ýokary hilli ak boýagy döretdiler. Boýagyň düzüminde kalsiý karbonatyň saklanmagy täze...

Stambul metrosynyň täze ugurlary

28-nji oktýabrda Türkiýede “Mejidiýeköý– Mahmutbeý” ugry boýunça täze metro açyldy. Ilkinji ugry göni aragatnaşyk Stambul şäheriniň hkimi Ekrem Imamoglunyň görkezmesi esasynda sagat 12:00-da başlady....

Nikol Kidmanyň täze taslamasy

Awstraliýaly 53 ýaşly aktrisa Nikol Kidman, Endrýu Bowelliň drama eseri esasynda surata düşüriljek “Bu zatlaryň hakykatdygyny bilýärin” dramasynda baş keşbi janlandyrjakdygyny mälim etdi. Kidman...

Muskyň kosmos internetiniň bahasy

Elon Muskyň eýeçiligindäki hususy kosmos kompaniýasy “SpaceX” -iň hemra esasly global internet taslamasy “Starlink” -iň bahasy mälim edildi.
Okap bilersiňiz  “WhatsApp”-daky aýratynlyk “Zoom”-da bolar
Hususy kosmos kompaniýasy “SpaceX” -iň iň möhüm...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Çempionlar ligasy: “Lokomotiwden” garaşylmadyk oýun

Düýn Çempionlar ligasynda gyzykly duşuşyklar geçirildi. Olaryň biri hem Russiýanyň Moskwa şäherinde bolup geçdi. Ýagny “A” toparda “Lokomotiw Moskwa” futbol topary öz meýdançasynda ýaryşyň...

Matwiýenko Türkmenistanyň iki palataly ulgamyna ýokary baha berdi

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-russiýa parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm...

Kädi siziň öýüňizdäki baý dermanhanajykdyr

Kä­di­niň der­man­lyk hä­si­ýe­ti ba­ra­da me­ge­rem, kö­pü­miz eşiden bol­sak ge­rek. Kä­di­niň dü­zü­min­de uly muk­dar­da ka­ro­to­in­ler bo­lup, onuň ne­ti­je­sin­de, be­de­ni­miz­de A (re­ti­nol) wi­ta­mi­ni dö­re­ýär. Dü­zü­min­de dem­riň...

Messi galdy, Bartomeu gitdi

“Barselona” toparynyň resmi web sahypasyna görä, toparyň prezidenti Hosep Mariýa Bartomeu we toparyň ýolbaşçylar geňeşiniň agzalary işinden çekilýändikleri barada habar berdiler. Düýnki geçirilen press-konferensiýada...