SPORT

Şomuradow – “Ýylyň futbolçysy” saýlandy

Özbegistanyň Futbol federasiýasy we professional milli çempionaty tarapyndan ýurduň sport žurnalistleriň arasynda geçirilen ses berlişikde Italiýanyň “Roma” toparynda oýnaýan Eldor Şomuradow “Ýylyň futbolçysy” derejesine eýe boldy.

Özbegistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guralan dabarada Eldor Şomuradowa baýragy gowşuryldy. Ony federasiýanyň ýolbaşçysy Abdusalom Azizow gowşurdy.

Özbegistanyň kubogyny gazanan “Nasaf” toparynyň tälimçisi Ruzikul Berdiýew bolsa, “Ýylyň iň gowy tälimçisi” diýen derejä eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, Eldor Şomuradow şu möwsümiň başynda Italiýanyň “Jenoa” toparyndan Žoze Mourinýonyň tälim berýän “Roma” toparyna 17,5 million ýewro möçberindäki transfer geleşigi bilen geçipdi. Özbek futbolçy “Roma” toparynyň düzüminde 23 duşuşykda oýnap, 3 gezek tapawutlandy.

Ol ozal Russiýanyň çempionatynda hem çykyş edipdi.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa iş sapary başlandy

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri