BIZNES

“SOCAR”: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Azerbaýjan Respublikasynyň “SOCAR” döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy  Rownag Abdullaýew ýurdumyzdaky nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşdy.

Ol öz çykyşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň täze mümkinçiliklere barada belläp geçdi. Şeýle hem ol Günorta gaz geçelgesiniň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.

Azerbaýjanly myhman Günorta gaz geçelgesiniň Ýewropanyň energetika howpsuzlygy we Hazar sebitiniň ösüşi üçin uly ähmiýete eýedigini belläp, bu halkara taslamasynyň hemmeler üçin açykdygyny aýtdy.

Şeýle hem ol Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagyny bilelikde özleşdirjekdigini belläp,”Biz baý türkmen uglewodorod serişdelerini halkara bazarlaryna ibermekde türkmen kompaniýalaryna Günorta gaz geçelgesiniň gaz geçiriji ulgamyny hem-de Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisiniň mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýýardyrys” diýip belledi.

 

Hytaý Türkmenistanyň tebigy gazyny iň köp satyn alýan ýurt

 

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda ulanmaga beriljek desgalar

Türkmenistan 2024-nji ýyldaky eksporty 12 milliard dollardan geçdi

Türkmenistanda 77 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda Azerbaýjanda öndürilen önümleriň onlaýn satuwy başlandy

2025-nji ýylda Türkmenistanda 3000 täze iş orny dörediler

Türkmenistanda täze maliýe we ykdysadyýet ministri wezipä bellendi