TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Hytaý Türkmenistanyň tebigy gazyny iň köp satyn alýan ýurt

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär. Oňa dünýäniň 42 döwletinden 500-e golaý wekiliýet gatnaşýar.

Şol forumda çykyş eden Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen Hytaýyň Türkmenistanyň tebigy gazyny iň köp satyn alýan ýurtdygyny belledi.

Hytaý bilen Türkmenistanyň tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara peýdaly ugrunyň aýdyň beýany bolup durýandygyny bellän ilçi Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň “Täze döwürde energiýanyň Ýüpek ýoly” bolup durýandygyny aýdyp geçdi.

2009-njy ýylda ulanmaga berlen bu gaz geçiriji arkaly Hytaýyň Türkmenistandan 300 milliard kubmetr tebigy gazy satyn alandygyny aýdyp geçen ilçi Sýan Naýçen şeýlelik bilen, Hytaýyň türkmen “mawy ýanjygyny” iň köp import edýän ýurt hökmünde ornuny saklap gelýändigini belledi.

Ilçi şu ýylyň ýanwar aýynda “Malaý” gaz ýatagynda ulanmaga berlen gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmeginiň türkmen gazynyň Hytaýa durnukly iberilmegine uly goşant goşýandygyny belläp geçdi.

Şeýle hem ol ýakyn wagtda Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň telefon arkaly söhbetdeşliginde tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm pikir alyşmalaryň bolandygyny, şeýle hem häzirki wagtda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň başlyklary ýagny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy S.G.Berdimuhamedowyň Hytaýda bolup, Hytaýyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen forumyň guramaçylary hökmünde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi çykyş etdi. Şeýle hem bu forumyň ýokary derejede guralmagy üçin “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýakyndan ýardam berdi.

Bu foruma “Atavatan Türkmenistan” žurnaly hem gatnaşdy.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/european-union-interview-with-ambassador-extraordinary-and-plenipotentiary-diego-ruiz-alonso/

 

 

Ýene-de okaň

Owganystan TOPH taslamasyny başlamaga taýýar

Ýewropa Bileleşiginden Merkezi Aziýanyň hususy pudagyna goldaw

Rus kompaniýalary Türkmenistanda bilelikdäki önümçilige gyzyklanma bildirýär

Teswirle