TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Smartfon arkaly infeksiýa geçip biler

Britaniýadaky Surreýa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesinde yglan edilen hasabatda smartfonyň ýüzünde juda köp howply mikroblaryň bolmagynyň mümkindigi aýdylýar. Alymlar synag wagtynda ýönekeý adamlar tutýan enjamlaryň ýüzüni süpürip barlanlarynda, smartfonlaryň howply bakteriýalaryň mekanydygyna göz ýetirdiler.

Gözlegleriň çäginde ýönekeý adamlar tarapyndan ulanylýan 30 telefon barlandy. Mälim bolşy ýaly, käbir smartfonlaryň ýüzünde hajathananyň töwereginden 18 esse köp bakteriýanyň bolmagy mümkin eken.

Alymlaryň anyklamagyna görä, bakteriýalar hatar agyr keselleriň döremegine sebäpkär bolýarlar. Mysal üçin, deri we içege ýokançlyklary, pnewmoniýa we meningit ýaly keseller. Şonuň üçin ýokanç kesel hünärmenleri smartfonyňyzyň ýokarky bölegini günde bir gezek arassalamagy maslahat berýärler. Alymlaryň aýtmagyna görä, munuň üçin antibakterial süpürgiçleri, el üçin ulanylýan mikroblara garşy zatlary, spirt ýa-da enjamlary dezinfeksiýa etmäge niýetlenen ýörite gurallary ulanmalydyr.

Smartfony süpürmezden ozal ony ulgamdan öçürmek maslahat berilýär. Arassalaýjy serişdeleriň telefon böleginiň içine düşmezligi möhümdir.

“Google”-dan täze smartfon: “JioPhone Next”

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle