TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Google”-dan täze smartfon: “JioPhone Next”

“Google” kompaniýasy bahasy 50 dollardan täze smartfon “JioPhone Next” modelini hödürlär.

Smartfon dünýäsinde ýokary derejeli “Pixel” modelleri bilen tanalýan “Google” ähli ulanyjylara “Android” tejribesini hödürlemek isleýär. Bu nukdaýnazardan, “Jio” telekommunikasiýa kompaniýasy bilen ylalaşan “Google” kompaniýasy 4G ulgamly “JioPhone Next” smartfon modelini 50 dollara satuwa çykarar.

Ýakyn wagtda öňünden sargyt edip boljak arzan telefonyň 10-njy sentýabrda resmi taýdan elýeterli bolmagyna garaşylýar.

Ilki bilen Hindistanyň bazarynda satuwa çykaryljak bu telefonyň esasy aýratynlyklary barada aýdylanda, ol 5,5 dýuým HD displeýine eýe bolar we “Snapdragon 215” çip bilen üpjün ediler.

Telefonda ýekeje 13 MP arka kamera we 8 MP öň kamera bolup, 2GB/3GB RAM we 16GB/32GB içerki ýady bolar.

“Android 11” operasion ulgamyna eýe boljak telefonyň batareýasynyň kuwwaty 2500 mAh-a deň bolar. Geljkde “Google” kompaniýasy telekommunikasiýa kompaniýalary bilen şertnama baglaşyp, şeýle arzan telefonlary öndürip, dürli ýurtlarda satmagy meýilleşdirýär.

 

“Apple” güýzki tanyşdyryş çäräsi: täze “iPhone” gelýär

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle