TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Sazyň şa zenany”: meşhur aýdymçy Lata Mangeşkar aradan çykdy

Hindi kinosynyň iň meşhur aýdymçylaryndan biri, kompozitor we aktrisa Lata Mangeşkar 92 ýaşynda aradan çykdy. “NDTV” teleýaýlymynyň habaryna görä, hindi kinolarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirýän Lata Mangeşkar Mumbaýyň hassahanalarynyň birinde aradan çykdy.

Mangeşkar, geçen asyryň 50-70-nji ýyllarynda Bolliwudyň altyn asyry diýilýän döwri başdan geçirdi. Oňa “Hindistanyň bilbili” we “Sazyň şa zenany” diýip at berdileri. Ol ýurduň köp sanly filminiň aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Hindistanyň hökümeti Lata Mangeşkaryň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirip, 6-7-nji fewraly ählumumy ýas güni yglan etdi.

Mangeşkaryň sesi “Sergezdan” (“Awaara” 1951), “Bobbi” (“Bobby”, 1973), “Ar alyş we kanun” (“Sholay”, 1975), “Ganga, seniň suwyň bulanypdyr”, şeýle hem “Ali baba we 40 garakçylar” ýaly ençeme meşhur kinolarda ýaňlandy.

Sungat ussady köp sanly baýraklaryň we sylaglaryň eýesidir, 2001-nji ýylda Hindistanyňiň ýokary sylagy bolan “Bharat ratna” baýragy bilen sylaglandy.

– Mähirli we aladaly Lata Didi bizi terk etdi. Ondan soň halkymyzy dolduryp bolmajak boşluk galdy. Geljekki nesiller ony hindi medeniýetiniň iň ýokary nyşany hökmünde ýatda saklarlar, onuň owazly sesi adamlary özüne çekmek üçin deňeşdirip bolmajak ukypdyr – diýip, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torunda belläp geçdi.

Şeýle hem Lata Mangeşkar Hindistanyň soňky ýyllarda meşhurlyk gazanan we dünýä jemgyýetçiliginde orun alan aktýory Şahruh Hanyň hem ençeme filmlerindäki aýdymlaryny ýerine ýetirendigi bilen ýatlanylýar.

 

Prezident Ärdogan koronawirus ýokanjy bilen keselledi

Ýene-de okaň

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny alan raýatlarymyz

Dünýäniň iň uzyn kitaby çap edildi

Teswirle