TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Prezident Ärdogan koronawirus ýokanjy bilen keselledi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan we aýaly Emine Ärdogan koronawirus ýokanjy bilen keselledi.

Prezident Ärdoganyň we aýaly Emine Ärdoganyň “Covid-19” lukmançylyk barlaglary pozitiw çykdy. Bu barada jemgyýetçilik tory arkaly habar beren Prezident Ärdogan koronawirusyň täze görnüşi bolan “omikron” görnüşini ýeňil geçirýändigini belledi.

Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Prezident Ärdoganyň we aýalynyň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny belledi. Ol koronawirus ýokanjynyň Prezident Ärdoganyň işine päsgelçilik döretmeýändigini belläp, onuň ýeňil görnüşde geçýändigini mälim etdi.

Prezident Ärdogana köp sanly hatlar gelip gowuşýar. Şol hatlarda onuň tiz wagtda sagalmagy arzuw edilýär.

Şeýle hatlary iberenleriň hatarynda Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hem bar. Sebäbi, 3-nji fewralda Prezident Ärdogan Ukrainada saparda bolup, Zelenskiý bilen gepleşikler geçiripdi.

Mundan başga-da, Azerbaýjanyň Prezidenti türk kärdeşi Ärdogan bilen telefonda gürleşip, ony koronawirus ýokanjyndan tiz wagtda sagalmagyny diledi.

Türkiýäniň Prezidenti geçen ýyl Hytaýyň “Sinopharm” kompaniýasynyň koronawirusa garşy öndüren sanjymynyň 2 dozasyny hem alypdy.

 

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasy boýunça ylalaşyk gazanyldy

Ýene-de okaň

Amerikanyň işewür topary Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle