TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasy boýunça ylalaşyk gazanyldy

Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleri Pekinde geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde amala aşyryldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen-hytaý gepleşiklerinde nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, oňa gatnaşyjylaryň hususan-da, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerine esaslanýan uzakmöhletleýin netijeli gatnaşyklaryň anyk mysalydyr.

Şol bir wagtyň özünde bu taslama energiýa howpsuzlygyny üpjün edilmegine goşant goşýar. Bu ugurda bar bolan mümkinçilikleriň doly derejede açylmandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

HYTAÝA UGRADYLJAK TEBIGY GAZYŇ MÖÇBERI KESGITLENMELI

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýardygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, türkmen tebigy gazynyň Hytaý Halk Respublikasyna ugradylmagy meýilleşdirilýän möçberlerini kesgitlemegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçiliklerini seljerilmelidigini aýtdy. Ol 4-nji şaha boýunça Hytaýa tebigy gazy ibermek üçin esasy serişde binýadyna öwrülmelidir.

Ýurdumyzyň çäginde türkmen tebigy gazynyň 4-nji şaha boýunça Hytaýa ugradylýan möçberlerini üpjün edýän önümçilik, gaz ugradyş düzümleriniň döredilmegi çözgüt talap edýän esasy meseleleriň biri bolup durýar.

Biziň hünärmenlerimiziň ýakyn wagtda gazy kükürtden arassalamak boýunça kärhananyň, kompressor stansiýalarynyň, “Galkynyş” gaz käninden Türkmenistanyň goňşy döwletiň çägine çenli gaz geçirijisini gurmak baradaky meseleler boýunça gepleşikler geçirjekdigine ynanýan, diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

TEBIGY GAZYŇ BAHASY BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRILER

4-nji şahanyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça geljekde bilelikde ýerine ýetiriljek işleriň çäklerinde tebigy gaza bolan baha meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmek zerurdyr. Bu meseleler boýunça alnyp baryljak bilelikdäki işleriň dowamynda türkmen we hytaý kärdeşleri harytlyk turba geçirijiniň üstünden geçýän gazyň bahasy babatda dünýä tejribesinden ugur aljakdyklaryna bil baglaýan diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmekde  türkmen tarapynyň Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýasynyň “Galkynyş” gaz käniniň 2-nji tapgyryny Hytaý tarapynyň maýa goýum serişdesiniň hasabyna işläp taýýarlamagyna gatnaşmak hakyndaky meselelere seredip biler.

Şunda hytaý tarapynyň gönükdiren maýa serişdeleri ugradylýan türkmen gazynyň hasabyna yzyna gaýtarylar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýlelikde, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý we hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmegi tabşyryldy.

 

Hytaý Türkmenistana 5 million sany waksina iberýär

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle