TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Saýlaw-2022: Senagatçylar we telekeçiler partiýasy dalaşgärini hödürledi

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýy geçirildi. Onuň tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri hödürlemek meselesi girizildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň direktory Babamyrat Meredow hödürlendi.

Babamyrat Meredow 2001-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlady. 2012-nji ýylyň aprel aýyna çenli Daşoguz şäherindäki Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde informatika mugallymy bolup işledi. 2012-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, Meredow “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetine ýolbaşçylyk etdi.

 

Saýlaw-2022: ýene-de 2 dalaşgär bellige alyndy

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle