Sanly ykdysadyýetde ösüşiň 5 ugry

Bary-ýogy 23 ýyl mundan ozal Sergeý Brin bilen Larri Peýj “google.com” domen adyny hasaba aldylar. 13 ýyl mundan ozal bolsa Stiw Jobs ilkinji “iPhone”-y dünýä tanyşdyrdy. Çärýek asyra ýetmeýän döwrüň içinde sanly tehnologiýalar biziň durmuşymyzy düýbünden özgertdiler.

Bilermenleriň bellemeklerine görä, häzir internet gözleg ulgamlarynda mahabat bazarynyň göwrümi $90 milliarda barabar. Smartfonlaryň dünýä bazarynyň göwrümi bolsa $435 milliarda ýetýär. Täze tehnologiýalaryň ösüşi täze ykdysady bazarlaryň döremegine we ýanaşyk pudaklaryň ösmegine itergi berdi.

Häzir bütin dünýäde biznesiň sanly ulgama geçirilmegine we sanly ykdysadyýetiň döredilmegine ugur alynýar. 2017-nji ýylda sanly öwrülişik jemleýji tapgyryna gadam basdy. Häzir Ýer togalagynyň ýaşaýjylarynyň eýýäm ýarysyna golaýy internete birikdirildi. Bu gün dünýä şeýle bir ýokary tizlikde özgerýär welin, eýýäm geljek gelip ýetdi diýmek bolar. Şonuň üçinem täze ösüş ugurlaryny görmegi başarmak we tiz özgermegi başarmak sanly ykdysadyýetde bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edýär.

Bu makalada biz dünýä kompaniýalarynyň tejribesinden ugur alyp, biznesiň we ykdysadyýetiň pudaklarynda bolup geçýän özgertmeleriň ösüş ugurlary barada gürrüň ederis.

 

  1. Globallaşmak

Ykdysadyýetiň globallaşmak prosesi soňky onýyllykda has çaltlaşyp, maýa goýum, tehnologiýalar we harytlar, zähmet bazarlarynyň özara baglanyşygy güýçlendi we olar köpgatlakly tora girdi. Dünýä bazarynyň globallaşmagy bitewi bazar we maglumat giňişliginiň emele gelmegine hem-de harytlaryň we hyzmatlaryň bütindünýä bazarynyň liberallaşmagyna getirdi. Sarp edijiler harytlar barada has çuňňur maglumatlara eýe boldylar. Şonuň esasynda sarp edijiler öz isleglerini önüm öndürijilere öz isleglerini bildirmek bilen, has güýçli orny eýeleýärler.

Globallaşmanyň mysallary:

Dünýäde öndürilýän ähli harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň 1/5 bölegi transmilli (halkara) korporasiýalaryň paýyna düşýär. Olaraý mysal hökmünde Microsoft, Oracle, Procter&Gamble, Mars, Газпром, General Motors, Лукойл, McDonalds we beýlekiler görkezilip bilner.

2007-nji ýylda adamzat taryhynda ilkinji gezek şäherlerde ýaşaýan adamlaryň sany oba ýerlerinde ýaşaýan adamlaryň sanyndan geçdi. Bu görkeziji ýyl geçdigiçe şäheriň peýdasyna köpelýär.

2020-nji ýylda bütin dünýäde internete birikdirilen enjamlaryň sany 25 milliarddan geçdi. Maglumatyň ählumumy elýeterliligi ähli ugurlarda, şol sanda ykdysadyýetde aýdyňlygy ýokarlandyrýar.

Köp sanly kompaniýalar öz önümçiliklerini işçi güýjüniň arzan ýerlerine, esasan, Hytaý, Hindistan we Bangladeş ýaly ýurtlara geçirýärler. Şeýle hem bu gün harytlary diňe öz ýurduňda däl-de, dünýäniň islendik ýerinden satyn alyp bolýar.

 

  1. Özgerişleriň güýçlenýän tizligi

Senagat önümçiliginden tä gündelik durmuşa çenli dürli ugurlarda adaty hereketleri üýtgedýän innowasion tehnologiýalar öz ulanyjylaryny barha ýokarlanýan tizlikde gurşaýar. Innowasiýalaryň ösüşiniň täsiri astynda kompaniýalar ozalky biznes nusgasyny üýtgedip, harytlara we hyzmatlara täze çemeleşmeleri işläp taýýarlaýarlar.

Täze önümleri bazara çykarmagyň tizligi yzygiderli ýokarlanýar. Bilelikdäki ykdysady sarp ediş ýörelgelerine we elektron platformalara esaslanýan täze biznes nusgalar emele gelýär. Özgerişlere uýgunlaşyp bilmeýän kompaniýalar bazardan gidýärler.

Özgerişleriň tizliginiň ýokarlanmagynyň mysallary:

ABŞ-nyň ilatynyň 25%-i üçin telefonyň we radionyň elýeterli bolmagy üçin 30 ýyl gerek bolan bolsa, internetiň köpçülikleýin elýeterliligi üçin bary-ýogy 7 ýyl gerek boldy.

2000-nji ýylda dünýäniň iň uly 500 kompaniýasynyň sanawyna (Fortune 500) giren şereketleriň 52%-i häzire çenli eýýäm tozdy ýa-da başga kompaniýalar tarapyndan satyn alyndy.

10 ýyl mundan ozal möhüm bolan bilimler we başarnyklar dünýäniň täze nusgasyna laýyklykda, indi ähmiýetini ýitirýär.

Uly kompaniýalaryň ömrüniň dowamlylygy ozalkysyndan 1,5 esse azaldy.

10 ýyl mundan ozal köpçülikleýin habar beriş serişdelerine täzelikleri ýaýratmak üçin bir gün ýa-da köp wagt gerek bolýardy. Häzir bolsa munuň üçin bir düwmä basmak ýeterlik.

Häzirki wagtda dünýäniň zähmet bazarynda täze döreýän iş orunlarynyň 60%-niň talap edýän başarnyklary ilatyň diňe 20%-inde bar.

 

  1. Kommunikasiýalaryň sanlylaşdyrylmagy

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary adamlaryň arasyndaky we adamlar bilen gurmalaryň arasyndaky aragatnaşyk nusgalaryny üýtgedýär. Indi  gatnaşyklary ýola goýmak we aragatnaşyk saklamak has ýeňilleşdi. Islendik aralykdan birek-birek bilen habarlaşyp bolýar. Sanly tehnologiýalaryň ýaýramagy örän çalt, şol sanda has elýeterli bolup geçýär. Adamlar araçysyz gatnaşmak üçin gurallara eýe bolýar. Döwlet hyzmatlary we bilim ulgamy ýaly möhüm ugurlar onlanýn görnüşe geçýär. Bütin dünýäde adamlar mobil telefonlar we planşet kompýuterleri ýaly akylly enjamlara bagly bolýarlar. Olaryň kömegi bilen köp işleri islendik ýerde, islendik wagt ýerine ýetirip bolýar.

Kommunikasiýalaryň sanlylaşdyrylmagynyň mysallary:

Germaniýada adamlaryň arasyndaky gündelik aragatnaşyklaryň 37%-i sanly enjamlaryň üsti bilen amala aşyrylýar.

Dünýädäki ähli sarp edijileriň 80%-ine golaýynda smartfonlar bar.

Bu gün harytlary isle söwda nokadyndan, isle mobil enjam arkaly satyn alyp bolýar.

Ösüşe ymtylýan kompaniýalar öz işgärlerine bilim bermek üçin şert döredýärler. Eýýäm 2016-njy ýylda kompaniýalaryň bütin dünýäde öz işgärlerine onlaýn arkaly goşmaça bilim bermek üçin sarp edýän harajatlaryny möçberi $50 milliarddan geçdi.

 

  1. Jemgyýetçilik gurluşynyň özgerişi

Jemgyýet üznüksiz hereket edýän janly organizm ýalydyr. Bu gün bütindünýä demografik özgerişleriň esasy ösüş ugurlaryna ykdysady ösüşiň hem-de şäherleşmäniň güýçlenmegi netijesinde dogluşyň azalmagy we adamlaryň ömrüniň dowamlylygynyň ýokarlanmagy, Ýer togalagynyň ilatynyň köpelmegi, ilatyň has ösen sebitlere köpçülikleýin göçüşi degişli edilýär. Garramaklyga bolan gatnaşyk üýtgeýär, gender we maşgala düşünjeleriniň üýtgemegi bolup geçýär. Jemgyýetde uly ýaşly adamlaryň sany köpelýär. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny üýtgeýär, gender deňligi ösdürilýär. Geljegiň jemgyýetini kesgitleýän esasy şertleriň biri nesilleriň çalşygydyr. Häzir X nesliň deregine Y we Z nesiller gelýär. Olaryň gymmatlyklar ulgamy hem özgerýär.

Jemgyýetçilik özgerişiniň mysallary:

2030-njy ýyla çenli dünýäniň ilaty 15% artar.

1995-nji ýylda dünýä statistikasy boýunça ilkinji çagasyny dünýä inderýän zenanlaryň ortaça ýaşy 26-a barabar bolan bolsa, 2015-nji ýylda 29-a deň boldy. Bu ýyl-ýyldan görkeziji ýokarlanýar.

1995-nji ýylda dünýä derejesinde ortaça bir zenana 3 çaga düşýän bolsa 2020-nji ýylda bu görkeziji 2,47-ä deň boldy.

 

  1. Tehnologiýalar we innowasiýalar

Häzirki döwürde sarp edijileriň özüni alyp barşyna täsir edýän iň möhüm şertleriň biri-de tehnologiýalaryň çalt ösmegidir. Bir tarapdan tehnologiýalar harytlaryň we hyzmatlaryň iňňän köp görnüşini elýeterli edip, sarp edilişiň mümkinçiliklerini giňeldýärler. Beýleki tarapdan bolsa, tehnologiýalaryň ösüşi biziň durmuşymyzy çylşyrymlaşdyryp, ony üýtgedýär. Käte biz tehnologiýalaryň ösüş depgini we olaryň çylşyrymlylygy bilen aýakdaş gidip bilmeýäris we hatda olara garaşly bolýarys. Şonuň üçinem tehnologiýalaryň rahatlygy we ulanylyş ýönekeýligi sarp edijileriň iň esasy talaby bolup durýar.

Häzirki tehnologiýalar biznesi ösdürmek üçin uly mümkinçilige eýedir. Geljekde tehnologiýalaryň elýeterliligi has ýokarlanar. Bu gün tehnologiýalar netijeliligi ýokarlandyrmagyň obýekti hökmünde kabul edilýär, ýöne olar tejribe toplamaga hem, goşmaça girdeji çeşmelerini döretmäge hem mümkinçilik berýär.

Tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ösüşiniň mysallary:

Zatlaryň interneti: indi tehnika diňe predmet däldir. Bu gün sowadyjy, çaý gaýnadyjy we tozan sorujy hem maglumat çeşmesi bolup bilýär.

Bu gün hiç bir ýokary tehnologiýaly biznes bulut tehnologiýalaryndan üzňe däldir.

Indi satyn alan harytlaryň üçin telefon arkaly hasaplaşyp bolýar. “Apple Pay”, “Android Pay” we “Ali Pay” ýaly tehnologiýalar sarp edijileriň durmuşyny ýeňilleşdirýär.

 

Mahym Taganowa,

«Türkmen poçta» poçta aragatnaşyk agentliginiň poçta işini gurnaýyş we logistika bölümi hünärmeni.

Belgiýa adaty ýaşaýyşa dolanýar

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar