SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Belgiýa adaty ýaşaýyşa dolanýar

1-nji oktýabra çenli pandemiýa bilen bagly çäklendirmeleriň agramly bölegini ýatyrmagy meýilleşdirýän Belgiýada şolaryň bir bölegi eýýäm 1-nji sentýabrda ýok ediler. Ýöne ýurduň hökümeti saglygy goraýyş pudagynda işleýänlere sanjym kabul etmek talabyny goýýar.

Belgiýanyň federal hökümeti sanjymlaryň köpçülikleýin urulmagy bilen, keseliň durnuklaşandygyny mälim etdi. Şonuň üçin hem öňümizdäki aýdan başlap, çäklendirmeleriň bir bölegi aradan aýrylar.

Hökümetden berlen beýanata görä, häzire çenli ýurduň 12 ýaşdan uly ýaşaýjylarynyň 72 göterimi sanjymlary kabul etdi. Bu bolsa käbir ýeňillikleri gaýdyp getirmäge şert döredýär.

1-nji sentýabrdan başlap, Belgiýada sanjym kabul eden adamlardan restoranlarda, kafedir beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde koronowirus barlagynyň netijeleri talap edilmez. Ýapyk ýerlerde 500, açyk ýerlerde bolsa 750 adamlyk dabaralardyr meýlisleri geçirip bolar. Ýöne köpçülikde agyz-burun örtüklerini dakmak zerurlygy dowam edýär.

Çäklendirmeler paýtagt şäher Brýusselde bolsa ýene bir aý dowam eder. Çünki paýtagt koronowirus bilen bagly ýagdaýlaryň iň kän bellige alynýan ýeridir.

Köne topardaşlar duşuşdy

Ýene-de okaň

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar

Türkmenistan Gruziýadaky Bütindünýä syýahatçylyk forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniñ jana şypaly şypahanalary