TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Köne topardaşlar duşuşdy

«Liga 1»-iň üçünji tapgyrynda «Brest» bilen geçirilen (4:2) duşuşygyň düzümine alynmadyk PSŽ-niň hüjümçileri Messi bilen Neýmar Barselona şäherine gaýtdy.

«Mundo Deportivo»-nyň habaryna görä, olar Kastelfedels şäherçesine gelip, «Atletikonyň» hüjümçisi Luis Suaresiň myhmany boldular. Bu ýerde köne topardaşlar birek-birek bilen ýürekdeş söhbet etdiler.

Messi bilen Neýmaryň Pariže haçan gaýdyp barjakdygy heniz belli däl.

Bu üç futbolçynyň «Barselonada» bile çykyş edendigini ýatladýarys.

Polina Gurýewany sylaglama dabarasyndan suratlar

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle