Sanly ykdysadyyet bank ulgamynda

Hormatly Prezidentimizin çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysady ösüşi durnukly hasiýete eýe bolyar, onuň bäsdeşlige ukyby barha ýokarlanýyar, dünýä döwletleriniň arasynda eýeleýän orny yzy­giderli berkeýär. Bu meseläni üstünlikli çözmekde banklara aýratyn orun degişlidir.

Ýurdumyzyň bank ulgamynyň işi bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertde barha ýokarlanýar. Munuň esasy sebäbi, bazar gatnaşyklary öňi bilen ähli ykdysady gurallaryň işjenligini talap edýär. Şol nukdaýnazardan seredeniňde, banklar ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüilýär.

”Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” halkara ülňelere laýyk gelýän döwrebap maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler göz öňünde tutulan.

Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa etmek we innowasiýa ösüş ýoluna geçmek çözgüdi uzak möhletleýin ykdysadyýetiň durnukly ösüşine baglydyr. Ykdysady ösüşiň durnuklylgyny ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň ukdysadyýetiniň tehnologik ugruny innowasion ösüşe we ilkinji nobatda, oýlanşykly syýasaty ýöretmek arkaly, bu ösüşi dolandyrýan ulgamyň kämilleşdirilmegine gönükdirip, hil taýdan göwnejaý özgertmek zerurdyr.

Bank işini ösdürmekde häzirki zaman telekommunikasion serişdeleri we tehnologiýalar aýratyn täsir edýär. Olaryň arasynda internet ulgamynyň orny has-da uludyr. Halkara bazarynda internet arkaly amala aşyrylýan hyzmatlaryň arasynda ilkinji orny bank hyzmatlary tutýar. Sebäbi, olaryň kömegi bilen hasaplamalary we gözegçiligi geçirip bolýar. Bu bolsa müşderiler üçin amatly bolýar. Şunuň bilen baglylykda bank hyzmatlaryny giňeltmek, dünýä derejesiniň iň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanşygyny üpjün etmek, ilatyň boş duran pul serişdelerini önümçilikde maýa goýumlaryna gönükdirmek boýunça ýurdumyzyň pul dolanyşygyna täze maliýe gurallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Innowasion tehnologiýalary banklarda iş ýüzünde ornaşdyrmagyň zerurlygy – Türkmenistanyň banklarynyň dünýä maliýe ulgamyna integrasiýasynyň zerurlygyndan we daşary ýurt banklarynyň Türkmenistanda işlemegine isleg bildirýändiginden ybaratdyr.

Häzirki wagtda ençeme döwletlerde internet arkaly bank hyzmatlaryny alyp barýan banklaryň işi nusga alarlykdyr. Sebäbi, bu günki gün wirtual bank hyzmatlary müşderileri diýseň özüne çekýär. Biziň ýurdumyzda bank ulgamynda elektron tölegler ulgamy giňden peýdalanylýar. Elektron tölegleriň ulgamy diňe bir hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň aýlanşygyny çaltlandyrman, eýsem bankyň serişdeleriniň dolandyrylyşyny tizleşdirmäge we düzüm bölümleriniň hasaplaşyklaryna gözegçilik etmäge hem mümkinçilik berýär.

Internet bütindünýä global torunyň tizliginiň we elýeterliginiň artmagy bank ulgamynyň işine, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny we maliýe hyzmatlaryny özünde jemleýän täze maliýe tehnologiýalary goşulyşdy. Bu bolsa maliýe hyzmatlarynyň keşbini düýpgöter üýtgetdi we dünýä maliýe ulgamynyň täze arhitekturasyny talap etdi. Täze maliýe tehnologiýalar meselesi bu gün ähli derejelerde – banklarda we kompaniýalarda, käbir döwletleriň pul dolandyryjylary we maliýe sazlaýjylary tarapyndan, halkara forumlarda ara alnyp maslahatlaşylýar.

Şeýle maliýe tehnologiýalara «Finteh» düşünjesini mysal edip getirip bolar. «Finteh» kompaniýalaryň häzirki wagtda adaty banklara bäsdeş bolmaga we müşderileri özüne çekmäge mümkinçiligi bar. Maliýe tehnologiýalary ýa-da «finteh» düşünjesi täzedir, şonuň üçin onuň entek umumy kesgitlemesi ýok. Oksfordyň sözlüginde finteh – bank we maliýe hyzmatlaryny hödürlemek we goldamak üçin kompýuter we beýleki tehnologiýalar hökmünde kesgitlenilýär. Bank gözegçiligi boýunça Bazel komiteti finteh düşünjesine şeýle kesgitleme berýär: «maliýe bazarlar, institutlar ýa-da maliýe hyzmatlaryň önümçiligi üçin täze işewürlik-modellerini, goşundylaryny, prosesleri ýa-da önümleri döretmeklige getirip biljek tehnologiýalar bilen döredilen maliýe innowasiýalar».

Şeýle-de, finteh düşünjesi özüniň başlangyç etapynda çykyş edýän kompaniýalara degişli ulanylýar. Bu kompaniýalar adaty institutlar (banklar) bilen bäsdeşlik şertlerinde maliýe hyzmatlaryny hödürlemekde öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň peýdalanýarlar. Beýleki tarapdan adaty banklar, ätiýaçlandyryş we dolandyryjy kompaniýalar hem täze tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrýarlar we şu nukdaýnazaryndan fintehyň bazarynyň gatnaşyjylary bolup durýarlar. Umuman, maliýe tehnologiýalaryna, bank we maliýe hyzmatlaryny hödürlemegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, kompýuter we internet-tehnologiýalaryny giňden ulanýan bölegi hökmünde garamak has dogry bolar.

Finteh- kompaniýalar maliýe hyzmatlary böleginiň gatnaşyjylarynyň arasynda bellenen çäkleri üýtgedip, bäsdeşligiň görnüşini düýpgöter üýtgedýärler. Ilkinji nobatda, finteh- kompaniýalar töleg ulgamlaryň fragmentleri üçin çözgütleri kämilleşdirýärler, mysal üçin, plastik kartlaryň agregatorlary we P2P-geçirmeler, ekwaýring hyzmatlary, şol sanda mobil POS-terminallar, online-tölegiň şlýuzlary we web-saýtlar we mobil enjamlar üçin goşundylar.

Täze tehnologiýalaryň emele gelmegi – torda sanly görnüşde hyzmatlary üpjün etmek ýoly bilen wagty we çykdaýjylary tygşytlamagy maksat edinýärler.

Maliýe tehnologiýalaryň ulanylyş ugurlaryny bilmek hem möhüm talaplaryň biridir. Finteh çözgütleri bank işiniň «last mile» (soňky mil) diýlip atlandyrylýan has girdejili böleginde, diýmek soňky ulanyjy bilen özara gatnaşyk tapgyrynda işleýärler. Özi hem bank hyzmatlarynyň önümçilik hatarynyň soňky tapgyrynda hyzmat etmegiň bahasy, düzgün bolşy ýaly, ähli hatara hyzmat etmegiň bahasynyň 40%-ine barabardyr. Bu bolsa, amaly çykdaýjylarynyň ep-esli tygşytlanmagyna getirýär.

Fintehi bank ulgamynda peýdalanmagyň esasy ugurlary bolup aşakdakylar çykyş edýärler:

  • örän tiz karzlaşdyrmak amallary, mysal üçin, banklar tarapyndan ulanylmaýan «aýlyga çenli ssudalar». Bu bazarda ilkinji bolup britaniýaly Wonga firmasy çykyş etdi. Ol 400 funt sterlinge çenli 1-den 35 güne çenli karzlary berýär, karzlaryny wagtynda we doly birnäçe gezek gaýtaran müşderiler üçin, karzyň maksimal möçberi ýokarlanyp berlip hem bilner. Özi hem müşderiler pullaryny bank kartlaryna geçirip ýa-da şol wagt tölegi amala aşyrmak üçin (mysal üçin, jemagat hyzmatlaryny) peýdalanyp bilerler;
  • bankyň bölekleýin karzlaşdyryşyna alternatiwa bolan P2P karzlaşdyrma. Ol beýleki fiziki şahslardan karz almaga we karz bermäge mümkinçiligini berýär. Bu ugrunyň meşgullygy adaty karzlar bilen deňeşdireniňde has pes göterimi bilen düşündirilýär. Şeýle- de OnDeck kompaniýasy 500 müň amerikan dollaryna çenli karzlary 3-den – 36 aýa çenli ýylda 5,99% bilen hödürleýär. Özi hem karz beriji kompaniýa alnan karzyň möçberinden 2,5-den 4%-e çenli komissiýany tölemeli. Mundan başga-da, 100 müň dollara çenli ýyllyk 13,99% göterim bilen, aýda hyzmatlar üçin 20 dollar tölegi bilen karz ugruny açmak mümkinçiligi hem bar.
  • sanly banking – maliýe hyzmatlaryny mobil we online platformalaryň kömegi bilen amala aşyrmak hökmünde. Bu çykdaýjylary we wagty tygşytlaýar, şahsy maglumatlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrýar, hyzmat etmegiň hilini we tizligini ýokarlandyrýar. Bank işiniň dörän wagtlaryndan bäri müşderiler bilen iş bankyň bölümlerinde diňe fiziki gatnaşyk arkaly amala aşyrylýardy. Uzak aralykdan bank hyzmatlarynyň döreýiş we ösüş döwürlerinde telefon banking, terminal banking, internet- banking, TW-banking, mobil banking ýaly hyzmat ediş kanallary döredi. Täze sanly bank hyzmatlar döwri üçin kommunikasiýanyň seslenme görnüşi ýaly usullaryň emele gelmegi, şeýle hem müşderileri, satuw nokatlarynda, bölümlerinde we öz-özüňe hyzmat etmek enjamlarynda bolan interaktiw wideoaragatnaşygyň döremegi häsiýetlidir.
  • elektron töleg ulgamlar. Olar göterimi bu hasaplaýyş ulgamynyň platformasyny ulanýan we harydy satýan müşderiden alýarlar. Tölegler ugrunda iň belli bolan finteh- kompaniýalarynyň arasynda – eýesi Ebay internet-auksion bolan PayPal kompaniýany, soňra Klarna, şeýle görnüşli töleg ulgamlaryň arasynda Ýewropa yklymynda iň gowusy hasap edilýär we eýesi Alibaba internet-dükany bolan Alipay kompaniýany bellemek bolar. Häzirki wagtda Germaniýada PayPal kompaniýanyň bäsdeşi bolan Sqware kompaniýasy işjeň ösýär. Onuň eýesi Twitteriň esaslandyrjsy – D.Dorsidir. Russiýada şeýle görnüşli kompaniýalardan Kiwi, Google, Ýandeks – pullar elektron gapjyklar has belli boldular.

2016-njy ýylda PwC tarapyndan edilen çaklamalara görä, 2020-nji ýylda maliýe tehnologiýalar bank hyzmatlaryň we tölegleriň bazarynyň 24–28% we ätiýaçlandyryş, aktiwleri dolandyrmak we hususy maýany dolandyryş bazarynyň 22%-e çenli bölegini tutar. Gelejekde finteh-kompaniýalarynyň innowasion laboratoriýalardan adaty banklaryň hyjuwly bäsdeşine öwrülmäge mümkinçiligi bar. Şeýle ýagdaý, mysal üçin, Singapurda bolup geçdi. Täze oýunçylar tölegler, pul geçirimler we karzlar ýaly adaty hyzmatlarynyň bazarynda hem öz täsirini ýokarlandyrýarlar. Onuň mysaly bolup Kabbage atly ewroamerikan finteh-kompaniýasyna salgylanyp bolar. Ol internet ulgamynyň üsti bilen kiçi we orta işewürligiň wekillerine karzlary berýär.

Mobil tölegleriň ugry aýratyn bellenýär. Apple, Google ýaly kompaniýalar dükanlarda söwdany çalt amala aşyrmak mümkinçiligini berýän töleg hyzmatlarynyň kömegi bilen özüne mobil tölegleriň 35%-ini alyp bilerler. Alymlaryň köpüsi hut sarp ediji bank hyzmatlar, şeýle hem pul geçirimler we tölegler 2025-nji ýylda rewolýusion üýtgeşmeler bolup geçjek sektorlar bolarlar diýip hasap edýärler. Mysal üçin, sarp edijilik karzlaşdyrma we söwda karzlaşdyryş ugrunda P2P online platformalaryň emele gelmegi fiziki we ýuridik şahslara bir-birlerinden karz almaklyga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, karzlaşdyryş ugrunda innowasiýalar karzlaşdyrmagyň alternatiw modelleriniň döremeginde, adaty däl maglumat çeşmelerini we töwekgelçiligi bahalandyrmak ugrunda kuwwatly seljermäni ulanmakda, müşderide ünsi jemlemek bilen karzlaşdyrmak proseslerini tizleşdirmekde we amallara çykdaýjylary azaltmaklygy hem aňladylýar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe bir ykdysadyýetiň täze hile geçmegine däl, eýsem, her birimiziň dünýägaraýşymyzyň giňemegine, geljege has taýýarlykly we maksadaokgunly bolmagymyza täze mümkinçilikleri açar. Ýurdumyzda ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermäge, ussat hünärmenleri taýýarlamaga ähli şertleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Hesel Araliýewa,

Türkmen döwlet ykdysady we dolandyryş institutynyň magistranty

 

Biometrik Pasport : Daşary ýurtlardaky raýatlarymyz üçin soraglara jogaplar

 

 

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar