«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ykdysady ulgamynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk has-da ýokarlandyrmak, bütin dünýäde Watanymyzy ykdysady taýdan durnukly ösüşi bilen tanatmak, sanly ulgamy döwrebaplaşdyrmak, dürli hyzmatlary elektron görnüşe geçirmek ýaly çäreler maksat edilip goýuldy.
Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde saklanýan sanly reforma milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmegiň täsirli guraly we geljegi hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, halk hojalygyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we häzirki zaman maglumat giňişligini döretmek bilen bagly wezipeler kabul edilen Milli maksatnamada aýratyn görkezilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň doly sanlylaşdyrylmagyna we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň maglumat giňişligine çalt depginler bilen goşulyşmagyna itergi berer.
Golaýda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde sanly ulgam bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Şol mejlisiň barşynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyany» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek babatda edilýän giň gerimli işler barada hasabat berildi.
Konsepsiýada göz öňünde tutulan wezipeleri üç tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Birinji tapgyryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döredilip, onuň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň möhüm esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmek, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de web saýtlary döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Ikinji tapgyrda — 2020 — 2023-nji ýyllarda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Döwlet hyzmatlar portaly döredildi. Bu portal elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny etmek üçin “Bir penjire” awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşindedir. Häzirki wagtda portalda maglumat hyzmatlary, döwlet edaralarynyň internet saýtlary we beýlekiler ýerleşdirildi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň çäklerinde ikinji tapgyrda “Elektron hökümet” ulgamyny doly işe girizmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy.
Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň üçünji tapgyry 2024-2025-nji ýyllary öz içine alyp, bu tapgyrda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň, usullaryň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, Konsepsiýada bellenen wezipeleriňdir çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meýilleşdirilýär.
Bu tapgyrda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribeler esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak, bu ugurda işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bir bitewi Maglumat merkezini döretmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Sanly ulgamyň ösüşini kämilleşdirmek, “Internet bank” ulgamynyň gerimini giňeltmek, menzilara onlaýn töleg ulgamlaryny has-da ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa ornaşdyryldy.
Saparguly Sapargulyýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby.