Sanly bilim – sanly tehnologiýa

Soňky ýyllarda biziň ýurdymyzda sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmak we elektron hyzmatlary ulanmagyň gerimini giňeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bütin dünýäde bolşy ýaly, güneşli ýurdumyzda hem döwrebap tilsimatlardan we tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak, şeýle hem onuň mümkinçiliklerini ykdysady kuwwatymyzy artdyrmaga gönükdirmek şu günüň gaýragoýulmasyz meseleleridir. Şeýlelikde, ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Şunuň esasynda hem, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny” amala aşyrmaga girişildi. Bu resminama 7 bölümi öz içine alyp, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamy, konsepsiýanyň maksatlary we wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary hem-de gurallary, garaşylýan netijeler öz beýanyny tapdy. Konsepsiýany işläp taýýarlamaga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Tehnologiýalar merkezi gatnaşdy, ol ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini yzygiderli kämilleşdirmek üçin döredildi.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, islendik ýurduň ösüşi, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Onda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak degişli ugurda esasy ýagdaýlar bolup, ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gös-göni baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky” Konsepsiýa kabul edildi. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady elektron görnüşdäki, ýagny, sanly maglumatlary öwrenijiler köpçüligine ýetirmek, sapaklara degişli maglumat dolanşygyny kämilleşdirmek we bilim pudagynda sanly bilimi ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle hem, Konsepsiýa maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda, ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Konsepsiýanyň derwaýyslylygy we innowasion häsiýetliligi pedagoglaryň hünär kämilleşdirmesiniň ýa-da okatmagyň adaty şowly usullary we tehnologiýalary bilen öň mümkin bolmadyk wirtual bilim giňişliginiň integrasiýasynda jemlenendir. Wirtual bilim giňişligi, munuň özi, okatmagyň subýektleriniň we ähli gatnaşyjylaryň bilim maksatlary üçin döredilýän we ulanylýan lokal, korporatiw we global kompýuter torlarynyň jemidir. Wirtual bilim giňişligi okuw prosesiniň ähli gatnaşyjylarynyň netijeli aragatnaşygyny üpjün etmek üçin döredilýär we ösdürilýär. Şeýle hem, mugallymlaryň, kompýuterleriň, tor administratorlarynyň we bilim obýektleriniň aragatnaşygy bolmazdan bu bilim giňişliginiň hereket etmegi mümkin däldir.

Sanly bilim ulgamy – munuň özi diňe bir ylym adamlarynyň däl, eýsem, tutuş ynsanyýetiniň ýaşaýyş-durmuşynyň ýeňilleşmegidir. San­ly bi­lim ulgamy özünde elekt­ron poç­ta, elekt­ron res­mi­na­ma, uzak ara­lyk­dan ylym-bi­lim al­mak, yl­my iş­ler, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, okuw ki­tap­­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry we söz­lük­ler ýa­ly bö­lüm­le­ri jem­le­ýär.

Sanly bilim ulgamyny döretmek we ösdürmek üçin onuň tehniki we programma üpjünçiliginiň berjaý edilmegi zerurdyr. Munuň üçin, ilki bilen tor ulgamy döredilýär we ulgama serwer birikdirilmegi arkaly amala aşyrylýar. Ulgamda elektron görnüşli maglumatlar, ýagny, sapaklaryň ýazgylary, sowalnamalar, okuw kitaplary, gollanmalar, wideo ýazgylar, prezentasiýalar we suratlar ýerleşdirilýär. Serwerde gurnalan degişli operasion ulgam we programma üpjünçilikler arkaly sanly bilim portalynyň üsti bilen maglumatlar ulanyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde, il­kin­ji no­bat­da, bilim dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda, okaýanlara we bilim alýanlara elektron bilim hyzmatlarynyň berilmegi maksat edinilýär. Zerur bolan elektron hyzmatlaryň (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) ýola goýulýar.

Mundan başga-da, san­ly bi­li­mi ulgamyny ösdürmekde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bi­lim al­ýan­ ýaşlaryň hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan us­sat­lyk bi­len baş çy­karmagynyň ze­rur­dy­gy öz-özün­den düş­nük­li­dir. Ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry­nyň ösen in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi, talyplaryň komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Muny dur­mu­şa ge­çir­me­k üçin, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hü­när­men­ler, pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar, şeý­le-de ýaş­lar ta­ra­pyn­dan san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň tor prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Bilim ojaklarymyzda sanly bilim portaly we e-kitaphana portallary hereket edip, islendik ýokary okuw mekdebinde okaýan talyplaryň bilimlerini kämilleşdirmäge uly goşant goşýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, bi­lim ojak­la­ryn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, ýokary tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myzyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bilen da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, şeýle-de ylym-bi­lim mer­kez­le­ri arasynda uzak ara­lyk­dan sa­pak­lar, wi­deo­şe­kil­li mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Bu ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan ylym-bi­lim, ter­bi­ýe­çi­lik, sport, me­de­ni-köp­çü­lik iş­le­ri­ni, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li öz­gert­me­le­ri, ösüş­le­ri giň­den şöh­le­len­dir­mek­de san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Ýokary bilimiň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalar esasynda sanly nesile uýgunlaşdyrylmagy XXI asyryň ýokary hilli bilim ulgamynda mugallymlaryň we talyplaryň mugallymçylyk, okuw we derňew tejribesini ýokarlandyrmakda

Döwrebap ylym-bilimler halkara ykdysady, medeni, tehnologik giňişlige goşulmak bilen, netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýar. Hut şonuň üçin hem, mähriban Arkadagymyz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak arkaly ata Watanymyzyň ösüşlerini has-da artdyrmagy we ýaş nesliň kämil bilim almagyny gazanmak maksadyny wezipe edip goýdy. Munuň özi günbe-günden dabarasy belende galýan eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşlerini kepillendirýär.

Sanly ulgamy ornaşdyryp, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

                                                                           Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                                         Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Maşgala gatnaşyklary bilen baglanşykly peýdaly maglumatlar

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar