SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjymyň ady üýtgedildi

Iňlis-şwed derman kärhanasy tarapyndan öndürilýän “AstraZeneca” koronawirus sanjymy indi “Wakszewriýa” diýip atlandyrylar. Bu barada Ýewropa derman serişdeleri gullugy (EMA) habar berýär. Şeýle hem Şwesiýanyň lukmançylyk önümleri gullugy sanjymyň adynyň üýtgedilmegi onuň düzüminiň ýa-da häsiýetiniň üýtgemegine sebäp bolmajakdygyny, ýöne sanjym baradaky maglumatlar, bellikler we gaplamalary başgaça bolup biljekdigini habar berýär. Umuman sanjymyň adynyň üýtgemeginiň sebäbi soňky hepdelerde sanjyma garşy bildirilýän köp sanly tankyt bellikleriň ýüze çykmagy bolup durýar.

Ýüze çykan tankytlara görä, Ýewropa Bileleşiginiň käbir ýurtlary bu sanjymyň ulanyşyny togtatdylar. Dünýäde hem bu sanjyma isleg bildirýän ýurtlaryň sany hem barha azalýar. Kanada döwleti 55 ýaşdan kiçi adamlar üçin “AstraZeneca” koronawirus sanjymyny ulanmagy togtatdy.

Şeýle hem şu aýda Germaniýa, Italiýa, Norwegiýa, Latwiýa, Islandiýa, Fransiýa, Ispaniýa, Indoneziýa, Sloweniýa we başga-da birnäçe ýurtlar bu sanjymy ulanmagy bes etdiler. Bu ýurtlaryň häkimiýetleri sanjymyň görkezip biläýjek zyýanlary sebäpli ätiýaçlyk çäreleri esasynda bu karary kabul edipdirler.

 

Gyrgyz Respublikasynda köpçülikleýin sanjyma girişildi

 

Ýene-de okaň

“Eşretli syýahat” Gyrgyzystanda syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

Aşgabat halkara mekdebi dynç alyş çäresine çagyrýar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy gemodializ enjamyny sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar