SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym bolanlar syýahat edip bilerler

Ýewropa Bileleşigi ýurtlary degişlilikde 2 doza möçberde koronawirus sanjymyny alan beýleki ýurtlaryň raýatlaryna serhetlerini açmaga taýýarlanýar. Brýussel tarapyndan tassyklanan sanjymlaryň iki dozasy alanlar ÝB ýurtlaryna syýahat edip bilerler. Bu barada “Frans Press” habarlar gullugy habar berdi.

ÝB ýurtlary bir ýyldan gowrak wagt bäri ýapyk bolan serhetlerini koronawirusa garşy sanjym edilen adamlara açmaga taýýarlanýar. Sanjym edilenleriň ÝB-ä syýahatynyň haçan başlajakdygy entek belli däl. ÝB bu tejribäni iýun aýyndan başlap durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýeropa Bileleşigi şu wagta çenli “BioNTech-Pfizer”, “Moderna”, “AstraZeneca” we “Johnson & Johnson” sanjymlaryny tassyklady. Bularyň arasynda ýekeje dozasy ýeterlik bolan diňe “Johnson & Johnson” sanjymy bar.

Şeýle hem ÝB degişli guramasy häzirki wagtda “Sinovac” ile “Curevac”, “Novavax” we “Sputnik V” baha bermek işini alyp barýar.

 

Russiýanyň dördünji sanjymy hem taýýar

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy