TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Salahyň ykbaly nähili bolar?

Häzirki wagtda Angliýanyň “Liwerpul” toparynda oýnaýan müsürli Mohammed Salahyň 2023-nji ýylda şertnamasynyň möhleti tamamlanýar. Toparyň baş tälimçisi Ýurgen Kloppyň dünýäniň iň gowy futbolçysy hökmünde abraýyny has-da belende galdyran Muhammed Salahyň menejeri topar bilen futbolçynyň geljegi barada gepleşiklere başlady.

Häzirki wagtda Angliýanyň Premýer-ligasynda 100-den köp gol geçiren, has takygy 103 goluň eýesi Mohammed Salah bu futbol çempionatynyň öňdebayrjy afrikaly futbolçylarynyň biridir. Häzirlikçe, 104 gol bilen Didier Drogba afrikaly futbolçylaryň sanawynda öňde barýar. Salahyň topar ýoldaşy Sadio Mane hem geçen hepde 100-nji goluny öz adyna ýazdyrdy.

Mohammed Salah täze 2021-2022-nji möwsüme gowy başlady. Salah milli çempionatda hem-de Çempionlar ligasynda oýnan 10 duşuşygynda 10 gol geçirdi.

Salahyň oýnundan hoşal bolan “Liwerpul” toparynyň ýolbaşçylary futbol bilen täze şertnama baglaşmagy maksat edinýär. Ýöne Salahyň aýlyk haky baradaky teklibi toparyň ýolbaşçylaryny pikirlendirýär.

29 ýaşyndaky Salah 2018-nji ýylda topar bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşypdy. Häzirki wagtda ol her hepde 237 müň ýewro, ýylda bolsa takmynan 12 million ýewro gazanýar.

“Daily Mirror” neşiriniň habaryna görä, Salahyň menejeri Rami Abbas her hepde 592 müň ýewro möçberinde täze şertnama hödürlemegi maksat edinýär.

Häzirki wagtda Angliýanyň Premýer-ligasynda iň köp gazanan futbolçy “Mançester Ýunaýted” toparynyň futbolçysy Kristiano Ronaldodyr. Onuň hepdelik aýlygy 480 müň funt-sterling (567 müň ýewro) deňdir.

 

Covid-19: ÝB-niň sanjym eksporty

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle