TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Şäherara awtobus gatnawlarynyň täze tertibi

2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan şäherara ugurlar boýunça awtobuslaryň gatnawyny ýola goýmagyň synag hökmünde gatnatmagyň tertibi kabul edildi. “Awtomobil Ulag Hyzmaty” AGPJ-niň web saýtyndaky bu Tertibi Size ýetirýäris.

 

ugruň ady awtobusyň her hepdäniň ugraýan wagty barýan

wagty

sany
Aşgabat-Daşoguz 4 duşenbe 07:00-

07:15-07:30-07:45

17:00-

17:15-

17:30-

17:45

penşenbe 07:00-

07:15-07:30-07:45

17:00-

17:15-

17:30-

17:45

şenbe 07:00-

07:15-07:30-07:45

17:00-

17:15-

17:30-

17:45

Daşoguz-Aşgabat 4 sişenbe 07:00-

07:30-08:00-08:30

17:00-

17:30-

8:00-

18:30

anna 07:00-

07:30-08:00-08:30

17:00-

17:30-

8:00-

18:30

ýekşenbe 07:00-

07:30-08:00-08:30

17:00-

17:30-

8:00-

18:30

Aşgabat-Mary 4 çarşenbe 08:00-

09:00-

10:00-11:00

15:00-

16:00-

17:00-

18:00

anna 08:00-

09:00-

10:00-11:00

15:00-

16:00-

17:00-

18:00

şenbe 08:00-

09:00-

10:00-11:00

15:00-

16:00-

17:00-

18:00

Mary-Aşgabat 4 penşenbe 08:00-

09:00-

10:00-11:00

15:00-

16:00-

17:00-

18:00

şenbe 08:00-

09:00-

10:00-11:00

15:00-

16:00-

17:00-

18:00

ýekşenbe 08:00-

09:00-

10:00-11:00

15:00-

16:00-

17:00-

18:00

Aşgabat-Türkmenbaşy 1 sişenbe 10:00 21:00
penşenbe 10:00 21:00
şenbe 10:00 21:00
Türkmenbaşy-Aşgabat 1 çarşenbe 09:00 20:00
anna 09:00 20:00
ýekşenbe 09:00 20:00
Aşgabat-Türkmenabat 1 duşenbe 08:00 19:30
çarşenbe 08:00 19:30
anna 08:00 19:30
Türkmenabat- Aşgabat 1 sişenbe 08:00 19:30

 

1. Ýurdumyzyň çäklerine ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjynyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ulag serişdeleriniň ähli görnüşlerinde zyýansyzlandyryş işlerini geçirmegiň Tertibine laýyklykda, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şäherara ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri geçirilmeli.

2. Her bir ýolagçynyň ýol petegini almak üçin petekler ýerlenilýän kassa «Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine» laýyklykda ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden COVID-19 esasynda saglyk kepilnamasy we Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan döredilen topar tarapyndan «Welaýatlara gitmek üçin iş toparynyň Rugsatnamasy» resminamalary bilen özüniň gelmekligi hökmanydyr.

3. Ýolagçylar ýazgyda duran ýerine yzyna dolanyp gaýtmagy üçin ýol petegini alýan wagty şu tertibiň ikinji bölegindäki resminamalar talap edilmeýär.

4. Şäherara ugur boýunça gatnaýan awtobuslara başlangyç we ahyrky duralgadan başga ýerlerde ýolagçy mündürmegi gadagan etmeli.

5. Her bir ýolagçy awtomenzile girmezden ýa-da awtobusa münmezinden öň bedeniniň gyzgyny ölçenilip, antiseptiki serişdeler bilen elleri zyýansyzlandyrylmaly, awtomenzilde we awtobusda agyz-burun örtüklerini ulanmagy, kesgitlenen aralygy saklamak bilen jemgyýetçilik gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmeli.

6. Ýolagçylaryň ýol petegi we degişli saglyk kepilnamasy bolmadyk we bedeniň gyzgyny ýokary bolan ýagdaýynda, olaryň awtobuslara mündirilmegini gadagan etmeli.

7. Şäherara ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslar diňe welaýatlaryň araçäklerinde ýerleşýän gara ýollaryň ugrundaky gözegçilik nokatlarynda saklanylyp we ol ýerdäki topar tarapyndan ýolagçylaryň degişli resminamalary barlanylyp bilner, şol wagtda sürüji awtobusyň içini ýelejiretmeli.

8. Türkmenistan Içeri işler ministrliginiň jemgyýetçilik howpsuzlyk bölümi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we kesselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy tarapyndan tertip düzgüniň we jemgyýetçilik gigiýena düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edilmeli.

Demir ýol gatnawlarynda täze tertip

 

Ýetilen sepgit 16 000 : Maksat 20 000

Ýene-de okaň

Ýaponiýaly işewürler : “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen gyzyklanýar

Baş Redaktor

Awaza :ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meseleleri öwreniler

Baş Redaktor

THY-den Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýörite uçar gatnawy

Teswirle